TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝEŇIŞ GÜNÜNE BAGYŞLANYP MOSKWADA GEÇIRILEN DABARALARA GATNAŞDY

Şu gün, 2023-nji ýylyň 9-njy maýynda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy.

Ozal habar berilişi ýaly, Beýik Ýeňşiň hormatyna meýilleşdirilen dabaralara gatnaşmak baradaky çakylyk Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda şu ýylyň 7-nji maýynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde beýan edildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Beýik Ýeňiş gününe bagyşlanyp geçirilýän bu gezekki dabaralara gatnaşmagy häzirki nesliň hakydalarynda baky saklanan edermen-azat edijileriň umumy edermenligine çuňňur hormatyň nyşany bolup durýar.