AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ HEM-DE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda türkmen paýtagtynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Döwlet Baştutanymyzy hem-de ähli türkmen halkyny şanly sene mynasybetli gutlady we iň ýakymly arzuwlaryny beýan etdi.  

Türkmenistanyň Prezidentiniň nygtaýşy ýaly, bu günki günde türkmen-tatarystan hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini görkezýär hem-de uzakmöhletleýin strategiki häsiýete eýe bolan Russiýa bilen hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolup çykyş edýändir.

Giňeldilen düzümde geçirilen duşuşygyň çäklerinde taraplar Türkmenistanyň Tatarystanyň «KАМАZ» awtoulag-gurluşyk kompaniýasy, «Таtneft» hem-de «Kazanskiý wertolýotnyý zawod» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleri we beýlekiler ýaly öňdebaryjy düzümleri bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň aýratyn ähmiýetini belläp geçdiler. 

Söwda-ykdysady ulgamy özara hereketleriň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi, şeýle-de senagat toplumynda, oba hojalygynda, ynsanperwerlik, ylym bilen baglanşykly ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda önjeýli gatnaşyklaryň has hem ösdürilmegi üçin ähmiýetli mümkinçilikleriň bardygy bellenilip geçildi.

Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-tatar iş toparynyň möhüm orny hem beýan edildi.

Giňeldilen düzümdäki gepleşikleriň tamamlanmagyndan soňra Prezident Rustam Minnihanowy Türkmenistanyň «Garaşsyzlyk» ordeni bilen sylaglamak dabarasy geçirdi.