TÜRKMENISTANYŇ WE AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň birinji üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Söhbetdeşler türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň meselelerine ähmiýet bermek bilen, taraplaryň köp asyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda we täze tapgyra gadam basan özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde özara gyzyklanmasyny nygtadylar.

Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeň ösdürýändigi we halkara derejesinde esasy halkara guramalarynyň hem-de abraýly sebit gurluşlarynyň meýdançasynda netijeli özära gatnaşyklary bellenildi.

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň halkara durmuşynyň möhüm taraplaryna bolan garaýyşlarynyň ýakynlygy we häzirki döwrüň global meselelerine oňyn çözgüt gözlemekdäki işjeň orny aýratyn üns çekildi.

Duşuşykda iki döwletiň Baştutanlary ozal gazanylan şertnamalaryň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdylar. Ägirt uly uglewodorod baýlyklaryna eýe bolan goňşy ýurtlaryň amatly geografiki ýagdaýyny göz öňünde tutup, energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem häzirki zaman üstaşyr we ulag infrastrukturasyny döretmek ugrundaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi barada nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň ýanwarynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Hökümetleriniň arasynda Hazar deňzindäki «Dostluk» uglewodorod ýatagynda bilelikde gözleg, işläp taýýarlamak hem-de özleşdirmek işlerini geçirmekde özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegini türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň gazanan üstünlikleriniň hatarynda görkezildi.

Ýangyç-energetika toplumynyň we ulag ulgamynyň özara peýdaly hyzmatdaşlygyň iň möhüm ugurlary bolup durýandygyny we dowam edilýändigini belläp, dostlukly döwletiň Baştutany bu möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurlygy baradaky türkmen tarapynyň tekliplerini doly goldady.

Munuň bilen birlikde ylym-bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we beýleki ugurlarda gatnaşyklary has-da giňeltmegiň we berkitmegiň ähmiýeti nygtaldy.