AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ WE SAUD ARABYSTANYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERIŇ ARASYNDA SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

2022-nji  ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Türkmen paýtagtyna gelen Saud Arabystan Patyşalygynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saudyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Geňeşmeleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meseleleri, şol sanda ozal gazanylan şertnamalaryň ýerine ýetirilişiniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesi, halkara arenasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli ädimleri nygtaldy.

Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary halkara guramalarynyň çäginde özara gatnaşyklaryň möhümdigini belläp, köptaraplaýyn platformalarda iki döwletiň halkara başlangyçlaryny we tekliplerini yzygiderli goldamak tejribesinden kanagatlanma bildirdiler.

Daşary syýasat edaralarynyň baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny, şol sanda iki ýurduň raýatlarynyň bähbitlerine konsullyk goldawyny giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşylanda iki ýurduň gyzyklanmasy döwlet we hususy gurluşlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde, maýa goýum ýagdaýyny gowlandyrmakda beýan edildi. Iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryny artdyrmak maksady bilen Türkmen-Saud Arabystanynyň Işewürler Geňeşini döretmegiň maksadalaýykdygyny belläp geçildi.

Şeýle hem, nebit-gaz we himiýa pudaklary, dokma-haly senagaty, raýat awiasiýasy pudagyndaky hyzmatdaşlygy, suw gorlaryny tygşytly peýdalanmak we çölleşmäge garşy göreş meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, taraplar 2023-nji ýylda Er-Riýadda geçiriljek Hökümetara Türkmen-Saud Arabystany Söwda we Ykdysady Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki toparynyň nobatdaky ýedinji mejlisine taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garadylar.

Gepleşikleriň dowamynda diplomatlar syýasy gepleşikleri, parlamentara we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, medeni-ynsanperwer alyş-çalşygy, şol sanda iki ýurduň arasyndaky maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegi güýçlendirmek üçin “Ýol kartasynyň” nokatlarynyň durmuşa geçirilmegi barada pikir alyşdylar.

Duşuşykda sebitara we halkara syýasatda özara gyzyklanma bildirilýän meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

imgimg