TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY BMG-NIŇ STATISTIKA MÜDIRLIGINIŇ DEMOGRAFIÝA STATISTIKASY BÖLÜMINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI

2022-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen BMG-niň hünärmenleriniň wekilýetiniň ýolbaşçylygyndaky BMG-niň Statistika müdirliginiň Demografiýa statistikasy bölüminiň başlygy jenap Srdjan Mrkiç bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň esasy temasy, halkara ülňülerine laýyklykda 2022-nji ýylda Türkmenistanda Ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmegiň çägindäki hyzmatdaşlyk boldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary BMG-niň bilermenleriniň bu sebitdäki ilat ýazuwyna gözegçilik etmek maksady bilen amala aşyrylýan bu sapary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň barşynda türkmen tarapy Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyna taýýarlyk görmek üçin edilen işler barada habar berdi. Hususan-da, ilat ýazuwyny taýýarlamak we alyp barmak boýunça Döwlet toparynyň düzüminiň tassyklanylandygy, üznüksiz ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň şygary we nyşany, şeýle hem bu çäräni halkara ülňülerine doly laýyk gelmegini üpjün etmek üçin hereket meýilnamasynyň tassyklanandygy bellenildi.

Ilat ýazuw meselesinde Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy we halkara kadalaryna we ýörelgilerine laýyklykda ilat ýazuwynyň netijelerini çap etmek boýunça hünärmenleriň tekliplerini öwrenmäge taýýarlyk görkezildi.