YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA BILELIKDÄKI TÜRKMEN-ÝAPON KOMITETLERINIŇ NOBATDAKY 14-NJI MEJLISI TOKIO ŞÄHERINDE GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň nobatdaky 14-nji mejlisi Tokio şäherinde geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti bu forumyň işine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Ýaponiýa bardy.

Mejlisiň başynda türkmen tarapy ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň umumy ýagdaýy barada gysgaça syn berdi. Ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda soňky birnäçe ýylda gaz himiýasy we elektrik energiýasy pudaklaryndaky iri desgalaryň Türkmenistanda gurlandygy we ulanylmaga berlendigi nygtaldy.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň dürli meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Ulag, elektroenergetika, senagat, suw hojalygy, maliýe we ekologiýa ýaly ugurlarda bilelikdäki hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigi barada bellenilip geçildi.

Mundan başga-da, bilim we saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge üns berildi.

Duşuşygyň çäginde Türkmenistanyň öňdebaryjy döwlet konsernleri bilen himiýa-gaz senagaty, ulag, suw hojalygy ýaly ugurlar boýunça ýapon kompaniýalarynyň arasynda resminalaryň toplumyna gol çekildi.

Bilelikdäki mejlisiň netijeleri boýunça Teswirnama gol çekildi.

imgimgimg