TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÄZE BELLENEN NIDERLANDLAR PATYŞALYGYNYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILIDI

2023-nji ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Niderlandlar Patyşalygynyň Türkmenistandaky täze bellenen (oturýan ýeri Astana şäheri)  Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Andre Karstens bilen duşuşygy geçirildi.

W.Hajiýew Ilçini wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de oňa diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Syýasy-diplomatik gepleşikleri giňeltmekde halkara guramalaryň çäginde işjeň gatnaşykda bolmak, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky gatnaşyklary ýokarlandyrmak, hususan-da yzygiderli syýasy maslahatlaşmalar mehanizmini döretmek üçin aýratyn orun berildi.

Taraplar Ýewropa Bilelişiginiň çäginde hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen «ÝB-Türkmenistan» Bilelikdäki komiteti döredildi. Häzirki wagta çenli bilelikdäki toparyň 20 sany mejlisi geçirildi. Iň soňky mejlisi 2022-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Aşgabatda geçirildi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň uly mümkinçiliklerini belläp, W.Hajiýew söwdany ösdürmegiň ýollaryny tapmagyň maksadalaýykdygyny, şol sanda Işewürler geňeşini ýa-da Iş toparyny döretmek arkaly belläp geçdi.

Diplomatlar soňky duşuşygy 2022-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Samarkand şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi» formatyndaky sebitara hyzmatdaşlyk institutlarynyň alyp barýan işlerini kanagatlanma bilen bellediler.

img