TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE BMG-NIŇ ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBIT MERKEZINIŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň ýolbaşçysy hökmünde işini tamamlaýan Natalýa Germany kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen strategiki hyzmatdaşlygy berk ygrarlydygyny tassyklanyldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda ýurdumyzyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşyldy. Şol hyzmatdaşlyk ilkinji nobatda netijeli häsiýete eýedir.

Türkmenistanyň Prezidentiniň dürli ugurlarda öňe süren döredijilikli başlangyçlarynyň möhümdigini nygtaldy. Şunda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy köptaraplaýyn öňüni alyş diplomatiýasynyň “Öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasy” başlangyjy hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy ýaly mehanizmleriniň döredilendigini we üstünlikli işleýändigini belledi.

Şeýle hem BMG-nyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hökmünde işini tamamlaýan Natalýa Germana Türkmenistan bilen BMG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna uly goşant goşup alyp baran işleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi we BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory wezipesine  bellenilmegi mynasybetli gutlag sözleri beýan edildi hem-de täze jogapkär wezipede oňa üstünlikler arzuw edildi.

img