TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE MIGRASIÝA BOÝUNÇA HALKARA GURAMASYNYŇ SEBITLEÝIN UTGAŞDYRYJYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Zeýnal Gajiýew bilen duşuşygy geçirildi.

Taraplar “2022-nji ýylda Türkmenistanyň Hökümetiniň Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň wekilhanasy bilen bilelikde durmuşa geçirmegi meýilleşdirýän taslamalaryň meýilnamasynyň” üstünlikli durmuşa geçirilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

2023-nji ýyl üçin çäreleriň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň ýakyn wagtdaky bilelikdäki taslamalarynyň durmuşa geçirilişiniň meselelerine seredildi.

Adam söwdasyna garşy göreşmek we migrantlara ýardam etmek, şeýle-de tehniki hyzmatdaşlyk we serheti dolandyrmak ileri tutulýan ugurlar hökmünde bellenildi.

Mundan başga-da, gatnaşyklaryň hukuk binýadynyň berkidilmegi boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň barşynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň dürli sebitleýin taslamalarynyň çäklerinde milli derejede alnyp barylýan işlere netijeli gatnaşýar.