TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI

img
img
img
img

2023-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saidowy kabul etdi.

Myhman döwlet Baştutanymyza, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň mähirli salamyny, berk jan saglyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Özbegistanda doganlyk Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly dialogyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigi bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewe mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de biziň ýurdumyzyň Özbegistan bilen hoşniýetli goňşuçylyk, ynanyşmak gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny nygtady.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynda ÝHHG bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyň ösdürilýändiginiň bellenendigini aýtdy. Bu gurama bilen hyzmatdaşlyk ýylsaýyn giňeldilýär we berkidilýär. 

Türkmenistanyň Prezidenti söhbetdeşligiň dowamynda Özbegistanyň Daşary işler ministriniň “Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň işine gatnaşmagynyň dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýollary, sebit we halkara syýasatyň möhüm meseleleri barada pikir alyşmak üçin oňat mümkinçilik döretjekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, saparyň jemleriniň iki ýurduň arasynda hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna aýratyn goşant boljakdygyna berk ynam bildirildi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Daşkent şäherinde boljak Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy sammitiniň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Türkmenistan we Özbegistan sebit, ählumumy gün tertibiniň meseleleri, ozaly bilen, parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen baglanyşykly meselelerde ýakyn ýa-da meňzeş garaýyşlara eýe bolup, halkara giňişlikde oňyn hyzmatdaşlyk edýärler. Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.

Köpugurly türkmen-özbek gatnaşyklarynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga aýratyn orun berilýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň oňyn depgini, ýangyç-energetika, ulag-logistika, oba hojalygy we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýeti bellenildi.

Şeýle hem medeniýet, ylym-bilim ulgamlarynda däp bolan dialogyň okgunly häsiýetiniň ähmiýeti nygtaldy. Munuň özi iki döwletiň halklaryny mundan beýläk-de ýakynlaşdyrmak, köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin özboluşly köprüdir.