Eýranyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bilen duşuşyk

Şu gün, 2024-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehaniniň arasynda duşuşyk geçirildi we onuň barşynda ýene bir ýola Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň, Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahianyň we Eýranyň beýleki resmi adamlarynyň dikuçar heläkçiligi sebäpli aradan çykmaklary zerarly gynanç bildirildi.

Bu betbagtçylygyň ähli türkmenistanlylaryň ýüreklerinde agyr duýgulary döredendigi we türkmen tarapynyň Eýrana zerur bolan kömegi bermäge taýýardygy aýdyldy.