Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň duşuşygy

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazar deňziniň biologik serişdeleriniň bikanun awlanylmagyna (brakonýerçilige) garşy göreşmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Teswirnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň 4-nji mejlisi öz işini tamamlady.

Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň DIM-i, Senagat we kommunikasiýa ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan guralan mejlise Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýa Federasiýasynyň we ýurdumyzyň hünärmenleri gatnaşdylar.

Bilermenler ozal hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy bilen 2015-nji ýylda türkmen tarapyndan taýýarlanan bikanun balyk tutulmagyna (brakonýerçilige) garşy göreşmekde Hazarýaka döwletleriň hyzmatdaşlygy hakynda Teswirnamanyň taslamasynyň üstünde işläpdiler. 2016 — 2018-nji ýyllar döwründe Aşgabatda bu resminamany ylalaşmak boýunça bu sebitiň ýurtlarynyň ygtyýarly wekilleriniň mejlisleri yzygiderli geçirildi.

Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleri şu günler paýtagtymyzda geçirilen nobatdaky, 4-nji mejlisde resminamanyň amala aşyrylmagyna jogapkär bolan ygtyýarly edaralary, Hazar deňzinde biologiýa serişdeleriniň bikanun tutulmagyna garşy göreşmekde özara hereketleriň gurallaryny we çäklerini kesgitlemäge degişli Teswirnamanyň taslamasynyň üstünde iş maslahaty görnüşinde işlemegi dowam etdiler.

Halkara synçylaryň tassyklaýşy ýaly, Hazarýaka döwletler hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny üstünlikli berkidýärler. Şeýle hem hünärmenleriň belleýşi ýaly, bu işleriň yzygiderli häsiýete eýedigi möhümdir. Hazarýakasyna degişli bäş ýurduň Liderleriniň duşuşyklary munuň aýdyň subutnamasydyr.

2010-njy ýylyň noýabr aýynda Bakuwda bolan maslahatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olary aradan aýyrmak hem-de Hazaryň suw biologiýa serişdelerini gorap saklamak we oýlanyşykly peýdalanmak ulgamlarynda iki ylalaşygy işläp taýýarlamak başlangyjy bilen çykyş etdi.

Ekologiýa sebitleýin hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biridir. 2003-nji ýylda Hazarýaka döwletler tarapyndan gol çekilen bäştaraplaýyn resminamanyň ilkinjisiniň Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň (Tähran konwensiýasy) bolmagy tötänleýin däldir. Üç ýyldan soň, 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda bu resminama güýje girdi, şol günden bäri bu sene sebitde Hazar deňziniň güni hökmünde bellenilýär.

Türkmenistan Hazaryň täsin tebigatyny gorap saklamak meselelerine uly ähmiýet berýär. 2014-nji ýylyň maý aýynda Tähran konwensiýasynyň Taraplarynyň Aşgabatda bolan 5-nji maslahatynda Hazarýaka döwletleriň tebigaty goramak edaralarynyň ministrleri tarapyndan Hazaryň biologiýa dürlüligini gorap saklamak hakynda Teswirnama (Aşgabat Teswirnamasy) kabul edildi.

Şol ýylyň sentýabr aýynda Astrahanda geçen IV Hazar maslahatynda birnäçe ylalaşyklara gol çekildi, şolaryň hatarynda Hazar deňziniň suw biologiýa serişdelerini gorap saklamak we oýlanyşykly peýdalanmak hakynda ýokarda agzalan ylalaşyk bar. Şol ylalaşygyň başyny başlaýjy bolup, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş etdi. Bu resminamada kenarýaka ýurtlar bikanun, habar berilmeýän, düzgünleşdirilmedik awçylyga hem-de suw biologiýa serişdeleriniň, şeýle hem olardan taýýarlanan önümleriň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça ähli mümkin bolan çäreleri görmegi ylalaşdylar.

Şeýlelikde, mazmuny Aşgabatda iki günüň dowamynda giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylan brakonýerçilige garşy göreşmek ulgamyndaky Teswirnamanyň taslamasynda Hazarýaka döwletleriň ozal gol çeken birnäçe resminamalarynyň — Howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek ylalaşygynyň, Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýanyň, Tähran Konwensiýasynyň hem-de Hazar deňziniň suw biologiýa serişdelerini gorap saklamak we oýlanyşykly peýdalanmak hakynda ylalaşygyň düzgünleri nazarda tutuldy.

2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Aktauda geçirilen V Hazar maslahatynda möhüm resminamalaryň ýene-de ikisine gol çekildi. Şolary işläp taýýarlamak başlangyjy bilen hem munuň öň ýanynda bolan Astrahan maslahatynda Türkmenistanyň Prezidenti çykyş etdi. Bular Hazarda söwda-ykdysady we ulag ulgamlarynda özara gatnaşyk etmek ylalaşyklarydyr. Gol çekilen resminamalary durmuşa geçirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýylda Türkmenistanda ilkinji Hazar ykdysady forumyny geçirmegi teklip etdi.

Aktauda bolan maslahatyň netijeleri boýunça gol çekilen Beýanatda Hazarýaka döwletleriň Baştutanlary biologik serişdeleriň bikanun awlanmagyna garşy göreşmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnamany ylalaşmagy tamamlamagyň zerurdygyny bellediler. Bu resminama Hazaryň balyk gorlarynyň goralyp saklanmagyna ýardam bermäge hem-de balyklaryň bikanun tutulmagyna garşy göreşmäge gönükdirilendir.

Nobatdaky, VI Hazar maslahatyny kabul edýän ýurt hökmünde Türkmenistan ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek we täze bäştaraplaýyn resminamalary işläp taýýarlamak üçin hemme şertleri döredýär.

Ýakyn günlerde Aşgabatda Hazar meselesi boýunça mejlisleriň we çäreleriň birnäçesini geçirmek meýilleşdirilýär.