Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gruziýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mamuka Murjiknelini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gruziýanyň Prezidenti Salome Zurabişwiliniň salamyny hem-de tutuş türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Jenap Mamuka Murjikneli öz ýurdunyň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga çalyşýandygyny tassyklap, häzirki döwürde türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gruziýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna salamyny beýan edip, diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de däp bolan döwletara gatnaşyklary ösdürmek ugrundaky işinde üstünlikleri arzuw etdi. Milli Liderimiz Bitarap Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi, şol sanda Gruziýa bilen netijeli gatnaşyklary üçin hemişe açykdygyny belledi. Ýurdumyzy Gruziýa bilen öňden gelýän dostluk gatnaşyklary baglanyşdyrýar.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we ilçi köpugurly kuwwaty nazara almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ygtybarly esasy döredendigi bellenildi.

Uzak möhletleýin esasda özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmakda bilelikdäki Hökümetara topara möhüm orun degişlidir. Bu toparyň işi dürli pudaklarda, şol sanda işewür düzümleriň ugry boýunça netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam etmelidir.

Ulag ulgamy döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Iki döwletiň çäk taýdan amatly ýerleşmegi hem-de bähbitleriň umumylygy Hazar we Gara deňiz sebitleriniň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak arkaly multimodal ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça tagallalary netijeli birleşdirmek üçin amatly ýagdaýlary şertlendirýär. Bu babatda Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ugry boýunça «Lazurit» ulag geçelgesiniň taslamasy anyk mysal bolup durýar.

Şol taslamalaryň durmuşa geçirilmegi sebitara goşulyşmak üçin giň mümkinçilikleri üpjün eder, tutuş Ýewraziýa giňişliginde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam eder. Energetika ulgamy hem hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Şunuň bilen birlikde, ynsanperwer-medeni ulgamda netijeli gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy. Bu ulgamda özara gatnaşyklaryň köpýyllyk tejribesi hem-de ony mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak üçin oňat mümkinçilikler bar.

Duşuşygyň ahyrynda ilçi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen-gruzin gatnaşyklary bilen baglanyşykly meselelere uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Bitarap Türkmenistanda Gruziýa wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormat-sarpadygyny nygtady. Ilçi döwletara hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegine, iki ýurduň we halklaryň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigine ynandyrdy.