Türkmenistanyň DIM-de Gruziýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bilen duşuşyk

2019-njy ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mamuku Murjikneli bilen duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar ulag, energetika we bilim ulgamlaryndaky  ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine garadylar. Owganystan–Türkmenistan–Azerbaýjan–Gruziýa–Türkiýe ugry boýunça geçýän Lazurit taslamasyny döretmegiň ileri tutulýan ugurlaryna aýratyn üns berip, gruzin diplomaty Gruziýanyň  bu taslamany ösdürmek işine işjeň gatnaşýandygyny belledi.