Türkmenistanyň DIM-de BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň arasynda Iş meýilnamasyna gol çekmek dabarasy geçirildi

2020-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň arasynda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2020-nji ýyl üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegine ýardam etmek boýunça taslamanyň Iş meýilnamasyna gol çekmek dabarasy geçirildi.

Türkmen tarapyndan resminama Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ýagmyr Nuryýew gol çekdi. BMG-niň Ösüş Maksatnamasy tarapyndan agzalan resminama Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekiliniň wezipesini ýerine ýetiriji Natiýa Natswlişwili gol çekdi.

Taslamanyň esasy maksady bolup adam hukuklary babatda halkara şertnamalary hem-de Türkmenistanda 2016-2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça ýurduň borçnamalaryna laýyklykda kanunlaryň, syýasatyň we tejribäniň sazlaşygy arkaly Türkmenistanda adam hukuklaryny goramagy, ony höweslendirmegi we durmuşa geçirmegi berkitmek çykyş edýär.

Bu taslamanyň çäklerinde Adam hukuklary boýunça 2016-2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegine we Adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň taslamasyny işläp düzmekde Türkmenistanyň Hökümetine ýardam bermek meýilleşdirilýär.

Gol çekilen iş meýilanamasy bu taslamanyň durmuşa geçirilişine baha bermäge, BMG-niň adam hukuklary boýunça şertnamalaýyn edaralary üçin milli hasabatlary yzygiderli taýýarlamak we Hereketleriň täze meýilnamasynyň taslamasyny işläp düzmek ulgamyndaky halkara tejribäni öwrenmäge, şeýle-de döwlet işgärleriniň, talyplaryň we ilatyň arasynda adam hukuklary barada habarlylygy ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.