DIM-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2020-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Owganystan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Najibullah Alikhil bilen duşuşygy geçirildi.

Taraplar hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we açyklyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň derejesine ýokary baha berdiler. Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň ýolbaşçylygynda iki ýurduň hyzmatdaşlygyň giň toplumy boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar. Syýasy-diplomatik, şeýle-de söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özara hereketleriň oňyn netijeleri beýan edildi.

Diplomatlar halkara gün tertibine seretmek bilen, ählumumy kadalaryň we ýörelgeleriň nazarda tutulmagynda halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagynyň zerurlygyny nygtadylar. Bu ugurda BMG-niň çäklerindäki başlangyçlaryň özara goldawynyň netijeliligi aýratyn bellenilip geçildi. Owganystandaky parahatçylykly ýagdaýlaryň ilerledilmegi boýunça türkmen tarapynyň berk nukdaýnazaryny nygtamak bilen, Ilçi Türkmenistanyň Hökümetine we DIM-ne onuň diplomatik işiniň durmuşa geçirilmeginde beren hemmetaraplaýyn goldawy üçin minnetdarlygyny bildirdi. Şol bir wagtyň özünde owgan halkyna berýän hemmetaraplaýyn goldawy üçin hem aýratyn sagbolsun aýdyldy.

Ilçi Owganystanyň we tutuş sebitiň giň gerimli ösüşine möhüm goşant goşmaga gönükdirilen Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we optiki süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygy bilen bir hatarda, durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalaryň aýratyn ähmiýetini nygtady. Bu ugurda golaýda Kabul şäherinde Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň gatnaşmagynda geçirilen ähmiýetli resminamalara gol çekmek dabarasy bellenilip geçildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar şonuň ýaly-da medeni-ynsanperwer ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine hem seredip geçdiler.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapy jenap Najibullah Alikhiliň türkmen-owgan gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşan ähmiýetli goşandyny nygtamak bilen, oňa saglyk hem-de işlerinde üstünlik arzuw etdi.