SOŇKY HABARLAR
Tähran şäherinde Hökümetara türkmen-eýran toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
2025-nji ýylyň 19-20-nji maýynda Tähran şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň 18-nji mejlisi geçirildi. Mejlise iki ýurduň birnäçe döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyk toparyň başlyklary – Türkmenistanyň Daşary işler Ministri Raşid Meredowyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk Ministri Farzane Sadeg Malwajerdiň ýolbaşçylygynda geçirildi. Nobatdaky mejlisiň gün tertibine döwlet...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2025-nji ýylyň 19-njy maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de wise-prezident Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan mähirli salamlaşyp, dost-doganlyga esaslanýan hem-de yzygiderli ösdür...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Tähran dialog forumyna – 2025 gatnaşdy
2025-nji ýylyň 18-19-njy maýynda Tähran şäherinde Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ýanyndaky Syýasy we halkara barlaglar merkeziniň guramagynda Tähran dialog forumy – 2025 (Tehran Dialogue Forum) geçirildi. Forumyň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow hem gatnaşdy. “Hindi yklym böleginden Ýewraziýa çenli: ulag geçelgeleri, geoykdysadyýet we açylýan mümkinçilikler” atly ugurdaş bölümçede çykyş etmek bi...
Duşenbe şäherinde geçen halkara çärede Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň hem-de “2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”-nyň ähmiýeti beýan edildi.
2025-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasy Duşenbe şäherinde Täjigistanyň Milli muzeýiniň binasynda geçirilen «Muzeýde agşam» atly halkara çäresine gatnaşdy. Halkara muzeýler gününe bagyşlanan köpugurly medeni çäräniň açylyş dabarasyna Duşenbe şäherinde işleýän diplomatik we konsullyk edaralaryň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Täjigistanyň daşary işler, medeniýet, bilim we ylym hem-de beýleki ministrlikleriniň ýolb...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Aziýa ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 17-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine geldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde bolmagynyň çäklerinde Aziýa ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory Artur Andrisýak bilen duşuşdy. Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna tüýs ýürekden hoşallyk bildi...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Aziýa ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 17-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine geldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde bolmagynyň çäklerinde Aziýa ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory Artur Andrisýak bilen duşuşdy. Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna tüýs ýürekden hoşallyk bildi...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2025-nji ýylyň 16-njy maýynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri we dostlukly ýurduň Baştutany birek-biregi mähirli mübärekläp, iki ýurduň arasynda yzygiderli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna ýokary baha berdiler....