TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE HALKARA ZÄHMET GURAMASYNYŇ WEKILLERI BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Halkara Zähmet Guramasynyň Halkara Zähmet Guramasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary üçin mynasyp zähmet boýunça tehniki ýardam beriş edarasynyň, şeýle hem Halkara Zähmet Guramasynyň Ženewadaky ştab-kwartirasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Halkara zähmet guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine garadylar.

Türkmenistanyň bu halkara guramanyň konwensiýalaryna we şertnamalaryna gatnaşmagyna, şeýle hem guramanyň beýleki köptaraplaýyn resminamalaryna goşulmagyna üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 9-njy martynda Aşgabatda möwsümleýin meýdan işlerine adalatly işe almak we mejbury zähmete ýol bermezlik hem-de ony gadagan etmek bilen bagly kanunçylyga syn etmek üçin tegelek stoly geçirmek boýunça pikir alyşyldy.

Taraplar 2023-nji ýylda Türkmenistanyň hökümeti bilen Halkara zähmet guramasynyň arasynda geçiriljek çäreleriň “ýol kartasynyň” esasy bentleri we olary doly durmuşa geçirmek meselesini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde, Halkara zähmet guramasynyň wekilleri türkmen tarapynyň bu babatda amala aşyrýan çäreleri, şol sanda, halkara zähmet ülňülerine laýyk getirmek üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna seljerme geçirmek ugrunda alnyp barylýan maksatlaýyn işler bilen tanyşdyryldy.

Saparynyň dowamynda Halkara zähmet guramasynyň wekiliýeti Türkmenistanyň birnäçe degişli ministrliklerinde we edaralarynda duşuşyklary geçirer.