Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk görmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

photo

2025-nji ýylyň 13-nji iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow guramaçylyk döwlet toparynyň şu ýylyň 4-8 -ji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmäge bagyşlanan maslahatyny geçirdi.

Maslahatyň dowamynda halkara maslahaty we onuň çäklerinde guraljak ugurdaş çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bilen bagly meselelere seredildi hem-de şu wagta çenli bu ugurda ýerine ýetirilen işlere baha berlip, öňde duran wezipeler kesgitlenildi.

Maslahata Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň BMG bilen bilelikde guramagynda geçiriljek bu halkara forumyň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurly köp sanly çäreleriň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, bäş günläp dowam etjek çärelere deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň düzümine girýän 32 döwletiň hem-de BMG-niň gyzyklanma bildirýän beýleki agza ýurtlarynyň döwlet hem-de hökümet Baştutanlarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň we onuň orunbasarlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Şeýle hem birnäçe halkara, sebit guramalarynyň, kanun çykaryjy edaralaryň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň hem-de hususy pudagyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gelmegi meýilleşdirilýär.

Geçiriljek bu çäreler toplumy jemi 7 sany esasy ugry: halkara maslahatyň açylyş we ýapylyş dabaralaryny hem-de plenar mejlislerini; ýokary derejedäki tematik «tegelek stollary» (5 sany); ýokary derejedäki 7 sany forumy, ýagny Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygyny, parlament forumyny, hususy pudagyň forumyny, raýat jemgyýetiniň forumyny, ýaşlar forumyny, zenan ýolbaşçylaryň duşuşygyny, arabaglanyşyk boýunça çäräni, şeýle-de maslahata gatnaşýan döwletler hem-de halkara guramalar we edaralar tarapyndan geçiriljek çäreleri, şol sanda türkmen tarapynyň ýerüsti ulag we arabaglanyşyk, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, ýaşlar syýasaty, durnukly energetika, sirkulýar ykdysadyýet bilen baglanyşykly gurajak ugurdaş çärelerini; maslahatyň we ugurdaş çäreleriň geçiriljek binalarynda guraljak tematik sergileri, şol sanda türkmen tarapynyň gurajak sergilerini; Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günlerini we onuň çäklerinde guraljak medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konsertini; Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan maslahata gatnaşyjylaryň hormatyna guraljak resmi nahary öz içine alýar.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny we onuň çäklerinde geçiriljek çäreler toplumyny ýokary derejede, talabalaýyk guramak boýunça öňde durýan wezipeleri we ýerine ýetirilmeli işleri kesgitledi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji halkara maslahatyny guramaçylykly geçirmek babatda beren maslahatlary üçin Milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallygyny bildirdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň degişli Karary esasynda ýakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçirmek babatda ylalaşmalar babatda Ylalaşyga gol çekilendigi aýdyldy.

Mundan başga-da, çykyşda halkara forumyň dolandyryş binasynyň işini, meýletinçileri taýýarlamagyň derejesi barada maglumatlar berildi.

Halk Maslahatynyň Başlygy BMG-niň Sekretariaty bilen bilelikde halkara maslahatyň açylyş-ýapylyş dabarasynyň maksatnamasyny, türkmen tarapyndan guraljak çäreleriň konsepsiýasyny işläp düzmek we olaryň BMG-niň üsti bilen hasaba alynmagyny üpjün etmek babatda birnäçe degişli maslahatlaryny berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Amanow çykyş edip, halkara forumy guramaçylykly geçirmek we bu ugra degişli meseleleri ýokary derejede ýerine ýetirmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnama barada giňişleýin maglumat berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylykly geçirilmegine degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Annamämmedow häzirki döwürde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk we abatlaýyş işleriniň ýagdaýy barada maglumat berdi. Şunda syýahatçylyk zolagynyň awtomobil ýollarynyň abadanlaşdyrylmagyna, olarda ähli zerur mümkinçilikleriň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň çäklerini abadanlaşdyrmak we alnyp barylýan gurluşyk işlerini ýokary hilli hem-de öz wagtynda ýerine ýetirmek meselelerine zerur üns berilmelidigini aýtdy.

Maslahatyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Seýidowa çykyş edip, halkara forumyň medeni maksatnamasy we onuň çäklerinde guraljak çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada maglumat berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri halkara maslahaty giňden beýan etmäge toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi.

Şeýle hem Milli Liderimiz forumyň çäklerinde guraljak medeni-ynsanperwer çäreleriň, aýratyn-da, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günleriniň hormatyna guraljak dostluk konsertiniň, milli tagamlaryň festiwalynyň guramaçylyk derejesine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi we bu babatda öz maslahatlaryny berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri maslahaty jemläp, hemmelere berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny we alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de täze zähmet üstünliklerini arzuw etdi.