TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE BAE-NIŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Şu gün, 2023-nji ýylyň 9-njy martynda, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmed Alhaý Hamad Hamis Al Hameliniň arasynda gepleşikler geçirildi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşyldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ösüşiniň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwletara görnüşinde hem-de abraýly halkara guramalaryň, şol sanda, BMG-niň çäklerinde netijeli syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ösdürilmegine iki ýurduň ygrarly bolup durýandygy aýratyn nygtaldy.

Taraplar iki döwletiň söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy boýunça hem pikir alyşdylar.

Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hökmünde bilim, ylym, medeniýet we syýahatçylyk pudaklaryndaky netijeli hyzmatdaşlyk bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti S.Berdimuhamedowyň geçen ýylyň noýabrynda Birleşen Arap Ermirliklerine bolan resmi saparynyň çäklerinde gol çekilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasynyň arasynda baglaşylan özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamany durmuşa geçirmegiň çäklerindäki hereketleriň işjeňleşdirilmegi hem teklip edildi.

Şeýle-de ýakyn geljekde meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn çäreleriň gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy.