TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ WEZIPESINI ÝERINE ÝETIRIJINI KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 29-njy martynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini ý. ý. Bahtiýor Saidowy kabul etdi.

Özbegistanyň DIM-niň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň salamyny hem-de ähli türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunuň bilen baglylykda, goňşy döwletde doganlyk

Türkmenistanyň Prezidenti, Prezident Şawkat Mirziýoýewe mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de ýurdumyzyň Özbegistan bilen köpasyrlyk taryhy bolan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny nygtady.

Netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýokary derejedäki dialoga mahsus bolan doly özara düşünişmek we açyklyk möhüm ähmiýete eýedir. Bu bolsa, öz nobatynda, hemmetaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlyk, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin ygtybarly binýady döredýär.

Parlamentara hyzmatdaşlyk hem türkmen-özbek gatnaşyklarynyň möhüm bölegi hökmünde kesgitlenildi.

Şeýle hem, türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň strategik häsiýeti nygtaldy. Soňky ýyllarda bu hyzmatdaşlyk ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykdy. Ýurtlarymyzyň diňe bir çäk taýdan däl, eýsem, taryhyň dowamynda kemala gelen medeni we ruhy umumylygy bilen hem ýakyndygy bellenildi.

Duşuşygyň barşynda, Özbegistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Aşgabat şäherine iş saparynyň çäklerinde meýilleşdirilen daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ikitaraplaýyn geňeşmeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň halkara giňişlikde netijeli gatnaşyk edýändigi bellenildi. Sebit we ählumumy meseleler, ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça biziň ýurtlarymyzyň garaýyşlary meňzeşdir. Türkmenistan bilen Özbegistan BMG-niň, beýleki käbir halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edip, birek-biregiň başlangyçlaryny, tekliplerini özara goldaýarlar.

Köpugurly türkmen-özbek hyzmatdaşlygynda söwda-ykdysady ulgama möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň oňyn ösüşi, ýangyç-energetika, ulag-logistika, oba hojalyk ulgamlarynda, beýleki ugurlarda gatnaşyklaryň pugtalandyrylýandygy bellenildi.

img