Türkmenistanyň we Litwa Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Litwa Respublikasyna amaala aşyran saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Litwa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Widmant Werbiskasyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Litwa Respublikasynyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny hem-de geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Diplomatlar döwletara gatnaşyklaryň ösüşinde möhüm orun eýeleýän ýokary derejeli özara saparlary we duşuşyklary guramagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Parlamentara dialogy ösdürilmeginiň zerurlygyny hem nygtaldy. Şunuň bien baglylykda, Türkmen-litwa parlamentara dostluk toparynyň ilkinji duşuşygyny geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar iki döwletiň sebitleýin we halkara düzümleriň, hususan-da, Ýewropa Bileleşiginiň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň netijeliligini bellediler.

Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüş derejesine hem syn berildi. Şunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-litwa toparynyň ähmiýeti nygtaldy we onuň nobatdaky mejlisini geçirmegiň zerurlygy bellenildi.

Şeýle hem ýurtlaryň arasyndaky ulag arabaglanyşygy meselelerine garaldy. Bu ugurda litwa tarapynyň Türkmenistan bilen ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan gyzyklanmasy bildirildi.

Gepleşiklerde bilim, ylym, sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürilmegiň ähmiýeti hem nygtaldy.

Taraplar 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berdiler. Bu çäre Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Halkara parahatçyyk we ynanyşmak ýylyna we Birleşen Milletler Guramasynyň 80 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriler.