“MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ŞYGYRLARYNYŇ DIWANY” ATLY IKI TOMLY NEŞIRIŇ SOWGAT BERILMEGINE BAGYŞLANAN MASLAHAT BARADA KHBS ÜÇIN HABAR

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

2023-nji ýylyň 20-nji iýunynda Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly Pyragy adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda Eýran Yslam Respublikasynyň Ýokary Ruhy Lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň adyndan türkmen halkynyň Milli Liderine, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa “Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň diwany” atly pars dilindäki iki tomdan ybarat neşiriň sowgat berilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi.

Maslahata Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň we onuň ylmy institutlarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Türkmenistanyň ylmy we medeniýet işgärleri, şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi, ilçihananyň işgärleri we ýurdumyzdaky EYR-nyň medeni merkeziniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Çykyşlaryň dowamynda iki döwletiň Baştutanlarynyň tagallalary bilen Türkmenistanyň we Eýranyň dürli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygynyň ösdürilýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, çärä gatnaşyjylar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna esaslanýandygyny bellediler.

Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň prezidenti A.Aşyrow, şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Eýrana amala aşyran saparynyň ähmiýetini belläp geçdi, bu bolsa Türkmenistan bilen Eýranyň däp bolan dostlukly döwletara gepleşiklere berk ygrarlydygyny ýene bir gezek aýdyň görkezdi.

Bu ugurda A.Aşyrow “Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň diwany” ýygyndysynyň türkmen halkynyň Milli Liderine berilmeginiň berk türkmen-eýran döwletara gatnaşyklarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň baý medeni we edebi mirasyna bildirilýän hormatyň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Golam Abbas Arbab Hales öz çykyşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini, şol sana iki ýurduň arasyndaky medeni we ynsanperwer gatnaşyklaryň yzygiderli ösüşini nygtady. Hususan-da, türkmen we eýran halklarynyň arasyndaky köp asyrlyk taryhy, ruhy we medeni gatnaşyklaryň meňzeşligini belläp geçdi.

Maslahata gatnaşyjylar ýokary ynsanperwer däp-dessurlara esaslanýan beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasynyň ähli adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak baýlygydygyny tassykladylar. Türkmenistanda baý türkmen medeniýetini, halkyň ylmy we edebi mirasyny öwrenmek we wagyz etmek üçin yzygiderli we netijeli işleriň alnyp barylýandygy nygtaldy.

Bu maslahat, Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara derejesinde bellenilýän dabaralaryň çäginde möhüm waka öwrüldi.