TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINDE MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 300 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN «HALKLARY BIRLEŞDIRÝÄN TARYHY WE MEDENI GYMMATLYKLAR» ATLY ÝÖRITE MASLAHAT GEÇIRILDI

Türki medeniýetiň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ tarapyndan «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilen, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 22-nji iýunynda Türkmenistanyň Mejlisiniň guramagynda wideoaragatnaşyk arkaly Gündogaryň beýik akyldar şahyry, türkmen nusgawy edebiýatynyň esaslandyryjysy Magtymguly Pyragynyň şanly 300 ýyllygyna we medeni mirasyna bagyşlanyp, «Halklary birleşdirýän taryhy we medeni gymmatlyklar» atly ýörite maslahat geçirildi.

Maslahata Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Täjigistanyň, Eýranyň  Parlamentleriniň wekilleri, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça edarasynyň (ÝUNESKO) Almatydaky Sebitleýin edarasynyň direktory, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparynyň Jogapkär sekretary, TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary gatnaşdylar. 

Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Mejlisiniň Milli Majlisiň Namoýandagon Mejlisi, ýerine ýetiriji häkimiýet, jemgyýetçilik birleşikleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we parlamentara aragatnaşyklary bilen işini utgaşdyrmak baradaky komitetiniň başlygy FarhodRahimi Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasly şygyrlarynda parahatçylyk, agzybirlik, jebislik barada beýan edilýän dürdäne pikirleriň häzirki döwürde hem örän möhüm ähmiýete eýedigi barada durup geçdi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Täjigistan Respublikasynda hem dürli öwüşginli dabaralaryň geçirilýändigi, häzirki wagtda Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň gurulýandygy barada aýtdy we munuň özi döwletlerimiziň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklaryň täze derejä çykandygyny subut edýär diýip belledi.

Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy Nasiba Sodiki öz çykyşynda häzirki dünýä şertlerinde halklary ýakynlaşdyrmakda taryhy-medeni gymmatlyklaryň ähmiýetiniň örän uludygyna ünsi çekdi. Türkmenistanda türkmen halkynyň medeni gymmatlyklaryny dikeltmek, döwrebap ösdürmek babatda döwlet derejesinde maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny, bu ugurda akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna aýratyn uly ornuň degişlidigini nygtap, Magtymguly Pyragynyň dürdäne şygyrlaryndan birnäçe bendi labyzly okap berdi.