Türkmenistanda X Halkara gaz kongresi geçirilýär

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresi (TGС — 2019) öz işine başlady. Energetika pudagyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine täze itergi bermek maksady bilen, ýurdumyzda däp boýunça geçirilýän iri ýöriteleşdirilen forumy «Türkmengaz» döwlet konserni gurady.

Ençeme ýyllaryň dowamynda kongres dünýäniň gaz senagatynyň ýagdaýyny hem-de geljekki ösüşini ara alyp maslahatlaşmak üçin esasy çäre bolup hyzmat edýär. Bu iri möçberli çäräniň ýokary derejesini we abraýyny TGС — 2019-yň häzirki ýubileý forumy hem doly derejede tassyklaýar. Foruma dünýäniň 30 ýurdundan, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryndan, ABŞ-dan, BAE-den, Ýaponiýadan, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, Türkiýeden, Hindistandan, Owganystandan, Pakistandan, GDA döwletlerinden we beýlekilerden wekilleriň 450-ä golaýy geldiler. Olaryň hatarynda iri nebitgaz, hyzmat ediş hem-de maslahat beriş kompaniýalaryň esasy menejerleri, pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň, abraýly halkara guramalaryň hem-de maliýe düzümleriniň, diplomatik we ylmy toparlaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.

Ir bilen kaşaň «Berkarar» myhmanhanasynda forumyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kongrese gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.

«Dünýäde uglewodorod serişdelerine baý döwletleriň biri bolan Garaşsyz Türkmenistan özüniň tebigy baýlyklaryny türkmen halkynyň, şonuň bilen birlikde, sebit we dünýä halklarynyň bähbidine gönükdirmäge çalyşýar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän gaz kongresi ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň kärhanalary bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam edýär. Bu çäräniň ýurdumyzyň hünärmenleri üçin öz mümkinçiliklerini görkezmekde hem-de hyzmatdaşlary tapmakda ähli şertleri döretjekdigine ynanýaryn» diýlip, gutlagda aýdylýar.

«Gaz — geljegiň ýangyjy» diýen at bilen geçen umumy mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin bölümleriniň wekilleri hyzmatdaşlary energetiki strategiýanyň möhüm ugurlary, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň gaz senagatyny ösdürmekdäki geljegi uly meýilnamalary bilen tanyşdyrdylar.

Mälim bolşy ýaly, 50 trillion kub metrden gowrak tebigy gazy bolan Türkmenistan ätiýaçlyk gory boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär. OPEC-niň her ýyl çap edýän statistiki habarlardaky maglumatlaryna görä, ýurdumyz tebigy gazy çykarmagyň möçberi boýunça Ýewropada we GDA-da 3-nji orny eýeleýär.

Türkmenistan ägirt uly energetika kuwwatyna eýe bolup, öz energiýa serişdelerini eksport etmegiň köpugurly düzümini döretmek boýunça iri möçberli taslamalary durmuşa geçirýär. Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisi munuň aýdyň mysalydyr, onda Ýewraziýanyň halklaryny müňýyllyklaryň dowamynda baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek maksady öz beýanyny tapýar.

Ýene-de bir möhüm strategik başlangyç Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, tebigy gazyň Günorta-Gündogar Aziýanyň iri ýurtlaryna uzakmöhletleýin iberiljek täze energetika geçirijisi sebiti ykdysady taýdan ösdürmäge kuwwatly itergi berer, durmuş we ynsanperwer häsiýetli meseleleriň çözülmegine, parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň berkidilmegine ýardam eder.

Mejlise gatnaşyjylara gury ýerdäki iri «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan enjamlaşdyrmagyň barşy barada habar berildi. Bu käniň meýdany 4 müň inedördül kilometrden gowrakdyr.

Geçirilen geologiýa-senagat barlaglarynyň barşynda, şol sanda iki ölçegli we üç ölçegli seýsmiki usullar arkaly geçirilen barlaglardan alnan maglumatlara görä, netijeli karbonat gatlagynyň ortaça kuwwatlylygy 500 metre, gaz gorunyň görkezijisi 84,5 göterime barabardyr. Häzirki wagtda käniň ulanyş gaznasynda 40-dan gowrak guýy bolup, şolaryň debiti ortaça bir gije-gündizde iki million kub metr gaza deňdir.

Şunuň bilen birlikde, Demirgazyk-Günbatar we Günorta-Gündogar ugurlarda käniň bar bolan meýdançasynyň çäklerinden çykmagynyň uly mümkinçiligi bardyr. Alnan goşmaça maglumatlardan soň, «Galkynyşyň» gazynyň ätiýaçlyk gorunyň baha berlişine gaýtadan seredilip, onuň artmagyna garaşyp bolar.

Bu ýerde ýylda harytlyk gazyň 30 milliard kub metrini öndürmäge mümkinçilik berýän desgalaryň toplumy ulanylmaga berildi, häzir bolsa TOPH gaz geçirijisini «mawy ýangyç» bilen üpjün etjek şonuň ýaly kuwwatlylygy bolan şeýle toplumlar bina edilýär.

Mundan başga-da, umumy mejlisde dünýäniň gaz senagatyndaky täze ýagdaýlar hem-de Aziýada durnukly energetikany ösdürmegiň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bular barada Britaniýanyň «Gaffney, Cline & Associates» nebit kompaniýasynyň sebit boýunça direktory Jon Gaffni hem-de BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa çykyş etdiler.

«British Petroleum Сorporation» (BP World Energy Outlook, 2019) kompaniýasynyň «2040-njy ýyla çenli dünýä energetikasynyň ösüşiniň çaklamasyna» laýyklykda, dünýäde tebigy gaza bolan isleg yzygiderli artar. Elektroenergetika, gurluşyk, ulag, nebithimiýa hem-de senagatyň beýleki pudaklary şeýle ösüşiň hereketlendirijileri bolar.

Şunda Hytaýda, Hindistanda we Aziýanyň beýleki ýurtlarynda ýakyn 20 ýylda tebigy gazyň sarp edilişiniň ösmeginiň iň ýokary depginlerine garaşylýar. Suwuklandyrylan gazyň, ýel we suw, energetika önümçiligi hem işjeň ösüşe eýe bolar. Şunda dünýäniň ençeme ýurtlary tarapyndan daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan syýasat, ekologiýa taýdan arassa energiýanyň peýdalanylmagyna geçilmegi esasy ýagdaý bolup hyzmat edýär. Munuň şeýle bolmagyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ylmy-tehniki kuwwatyny gönükdirýär.

BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy kongrese gatnaşyjylara ýüzlenip, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň şunuň ýaly iri möçberli duşuşyklara milli we dünýä derejesindäki hyzmatdaşlara ýüzlenmäge hem-de ösüşiň diňe ekologiýa bilen sazlaşyklylykda durnukly bolup biljekdigini ýene-de bir gezek ýatlatmaga mümkinçilik hökmünde garaýandygyny nygtady.

2019-njy ýylyň sentýabrynda howanyň üýtgemegi bilen baglylykda çäreler boýunça sammiti çagyrmak başlangyjy bilen çykyş edip, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bu meseläni «Biziň döwrümiziň baş meselesi, onuň çözülmegini bolsa taryhyň öwrülişik pursady» diýip atlandyrdy.

Sammitde Pariž ylalaşygynyň durmuşa geçirilişiniň meselelerine, pes uglerodly ösüş ulgamyndaky üstünlikli taslamalaryň tejribesine, ýerli şertlerde howanyň üýtgemeginiň täsirlerini ýeňip geçmegiň we oňa uýgunlaşmagyň meselelerine garaljakdygyny belläp, hanym Panowa ekologiýa ulgamynda bolşy ýaly, durnukly ösüş babatda hem Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligine teklip etmäge tejribeleriniň bardygyna ynam bildirdi.

BMG-niň wekili öz çykyşynda energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk meselelerine degip geçdi. TOPH Türkmenistanyň öz ýangyç çig mallarynyň ätiýaçlyk gorlaryny goňşy sebitleriň we durnukly ösüşiň bähbidine ulanmagyň iň oňat nusgasydyr diýip, hanym Panowa aýtdy hem-de turbageçirijileriň ýurtlary birleşdirýändigini hem-de geçýän ýurtlarynyň üsti bilen sebitlere durnuklylyk getirýändigini nygtady. Munuň özi köp halklara oňyn täsir edip, nebitiň, gazyň we elektroenergiýanyň netijesinde, olaryň durmuşyny oňatlyga besleýär. Munuň şeýledigini milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow abraýly halkara guramalaryň we maslahatlaryň belent münberinden çykyş edip, ençeme gezek aýtdy.

Bu baradaky gürrüňler «TOPH — parahatçylygyň we durnuklylygyň gaz geçirijisi» diýlip atlandyrylan indiki mejlisde dowam etdirildi. Şonda bu iri möçberli taslama gatnaşyjylaryň alyp baran işleri, taslamanyň maliýeleşdirilişi we beýlekiler barada giňişleýin maglumatlar berildi.

Hususan-da, 2019-njy ýylyň ahyryna çenli täze energetika geçirijisiniň türkmen böleginiň çekilmegini tamamlamak meýilleşdirilýär. Anyklanan maglumatlara görä, ýyllyk kuwwaty 33 milliard kub metr gaza barabar bolan gaz geçirijiniň umumy uzynlygy, takmynan, 1 müň 840 kilometre, şol sanda Türkmenistanyň çäkleri boýunça 205 kilometre barabardyr. Häzirki wagtda Owganystanyň we Pakistanyň çäklerinde turbageçirijileri gurmaga taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

«TAPI Pipeline Company Limited» konsorsiumynyň, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyyň, Maýa goýumlaryny ätiýäçlandyrmak we eksport karzlary boýunça Yslam korporasiýasynyň (ICIEC), «Allen & Overy LLP», «Credit Suisse», «Bilfinger Tebodin Middle East Ltd.» kompaniýalarynyň wekilleri öz çykyşlarynda TOPH taslamasyny öňe ilerletmekde gazanylan uly ösüşi belläp geçdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň Owganystany parahatçylykly ýol bilen galkyndyrmakda, onuň durmuş-ykdysady düzümlerini täzeden dikeltmek, öz gezeginde, ilatyň ýaşaýyş-durmuşynyň derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berjek täze iş orunlaryny döretmek ýaly meseleleri çözmek babatda örän uly ähmiýeti bardyr. «TOPH — parahatçylygyň we durnuklylygyň gaz geçirijisi» diýen mejlisde çykyş edenleriň ählisiniň çykyşynyň içinden milli Liderimiziň bu pikiri eriş-argaç bolup geçdi. Gazyň kesgitlenen möçberlerinden başga-da, öz çäklerinden türkmen energiýa serişdeleriniň üstaşyr geçirilmegi üçin Owganystanyň uly täjirçilik bähbidini aljakdygy hem ähmiýetlidir.

Umuman, taslamanyň birinji tapgyryny konsorsium 2020-nji ýylda tamamlamagy umyt edýär. Ikinji tapgyr energiýa geçirijiniň ugrunda gaz gysyjy beketleriň gurulmagyny göz öňünde tutýar, bu bolsa onuň kuwwatlylygyny artdyrmaga mümkinçilik berer.

TOPH tutuş sebit üçin ägirt uly taslamadyr diýip, Pakistanyň Premýer-ministriniň nebit boýunça ýörite kömekçisi Nadim Baber aýtdy hem-de şu ýylyň başynda Türkmenistanyň we Pakistanyň birnäçe resminamalara, şol sanda Pakistanyň hökümetiniň hem-de «TAPI Pipeline Company Limited» paýdarlar kompaniýasynyň arasynda kabul edýän döwletiň hökümeti bilen ylalaşygyň Baş şertlerine gol çekilendigini belledi. Ýene biraz wagtdan biz taslamanyň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna başlap bileris diýip, Nadim Baber aýtdy.

Günüň ikinji ýarymynda forumyň işi «Gaz geçirijiler boýunça taslamalar — energetika howpsuzlygynyň we durnuklylygynyň esasy taraplary» diýen mejlis arkaly dowam etdi. «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň, «Gazprom WNIIGAZ» JÇJ-niň, Oksfordyň energetika ylmy-barlag institutynyň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri we beýlekiler çykyş etdiler.

Bellenilişi ýaly, dünýä energetikasynyň ösüşiniň we degişlilikde, strategik taýdan bu möhüm ulgamda taslamalary amala aşyrmak üçin oňaýly maýa goýum ýagdaýyny döretmegiň meseleleri halkara energiýa iberijileriň ygtybarlylygyny we goraglylygyny üpjün etmek meselesi bilen ysnyşykly arabaglanyşyklydyr. Ilkinji nobatda, munuň özi tebigy gazyň iberilmegine degişlidir, çünki ýangyjyň bu görnüşini dünýä bazarlaryna ibermek turbageçirijileriň kömegi bilen amala aşyrylýar.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika howpsuzlygynyň täze ählumumy gurluşyny kemala getirmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň netijeli häsiýeti nygtaldy. Şol başlangyçlar häzirki wagtda döwletleriň durnukly ösmeginiň, ählumumy parahatçylygyň we durnuklylygyň möhüm ýagdaýy bolup çykyş edýär. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek kabul edilen «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty» hakynda Rezolýusiýalar häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, bu teklipleriň wajypdygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) ýanyndaky Nebit-gaz ykdysadyýeti institutynyň direktorynyň orunbasary Liu Zhaoquan Hytaýyň tebigy gaz bazaryna ser salmaga degişli synyny ýetirdi.

Bellenilişi ýaly, HHR-de suwuklandyrylan gaz bilen birlikde, tebigy gazyň sarp edilişi okgunly depginler bilen artýar. «BP-niň» çaklamalaryna görä, ýakyn 20 ýylda Hytaýda gaza bolan isleg 2 esseden gowrak artar. Häzirki wagtda turbageçirijiler boýunça HHR-e gazyň iberilişi gazyň daşary ýurtlara iberilişiniň umumy möçberiniň 40 göterimine ýakyn möçberini emele getirýär. Şunuň bilen baglylykda, Hytaýyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek üçin Türkmenistandan tebigy gazyň iberilmegi möhüm ähmiýete eýedir.

Mälim bolşy ýaly, Merkezi Aziýa — Hytaý gaz geçirijisi üç ugurdaş (A, B we S) şahalary özünde jemleýär, şolaryň her biriniň uzynlygy 1 müň 830 kilometre deňdir. HHR-iň çäklerinde oňa uzynlygy 10 müň kilometre golaý bolan «Günbatar — Gündogar» gaz geçirijisi goşulandyr. Häzirki wagtda Merkezi Aziýadan gelip gowuşýan gaz özbaşdak etraplaryň, iri şäherleriň, welaýatlaryň 25-sine hem-de Gonkong aýratyn dolandyryş etrabyna iberilýär.

2009-njy ýylyň dekabrynda gaz geçirijiniň ulanylmaga berlen pursadyndan başlap, Merkezi Aziýadan Hytaýa tebigy gazyň 263 milliard kub metrden gowragy iberildi. Şunda Türkmenistan «mawy ýangyjyň» iberilişiniň 80 göterimden gowragyny üpjün edýär.

Mundan başga-da, bu mejlisiň çäklerinde Hazar deňzinde eksport ugurly gaz geçirijileriň gurluşygynyň tehniki taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy. Indi Hazaryň hukuk derejesi bilen kesgitli aýdyňlyk peýda bolan mahaly, bu baradaky mesele ýene-de möhüm ýagdaýa öwrüldi. Häzirki wagtda Türkmenistan tebigy gazy günbatar ugur boýunça Ýewropa ibermegiň mümkinçiligine garaýar. Şunuň bilen birlikde, tebigy gazy Eýrana eksport etmegiň tehniki mümkinçilikleri bar. Aprel aýynyň ortalarynda «Gazprom» bilen gysga möhletli şertnama boýunça Orta Aziýa — Merkez gaz geçirijisi arkaly gazyň Russiýa iberilmegi gaýtadan dikeldildi. Häzir bäş ýyla çenli möhlet bilen orta möhletli şertnamany baglaşmak boýunça gepleşikler alnyp barylýar.

Şeýlelikde, bu ulgamda uglewodorod serişdeleriniň känlerini işläp taýýarlamak we bilelikdäki halkara taslamalary amala aşyrmak üçin iri daşary ýurt maýasyny hem-de häzirki zaman tehnologiýalaryny çekmek Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny geljekde depginli ösdürmegiň möhüm şerti hem-de öňünden kesgitleýji ýagdaýy bolup durýar. Munuň üçin biziň ýurdumyzda hemme şertler döredildi.

Forumyň işiniň ilkinji gününi «Gazyň monetizasiýasy, diwersifikasiýa we ösüşlere tarap ýol» diýen mejlis tamamlady. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy bilen içerki we daşarky bazarlarda isleg bildirilýän dürli görnüşli nebit we gazhimiýa önümlerini çykarýan nebiti hem-de tebigy gazy gaýtadan işleýji täze kuwwatlyklary döretmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Geçen ýyl Hazar sebitinde önümçilik kuwwatlylygy karbamid dökünleriniň 1 million 155 müň tonnasyny öndürmäge barabar bolan «Garabogazkarbamid» zawody ulanylmaga tabşyryldy. Bu önümleriň esasy bölegi daşary ýurtlara iberilýär.

Gyýanly şäherçesinde polimer zawody açyldy. Iň döwrebap bu gazhimiýa toplumy «Türkmengaz» döwlet konserniniň buýurmasy boýunça «TOYO Engineering Сorporation» (Ýaponiýa) kompaniýasynyň gatnaşmagynda «LG International Corp» we «Hyundai Engineering» (Koreýa Respublikasy) kompaniýalary tarapyndan guruldy. Zawodyň önümçilik kuwwatlyklary bir ýylda 5 milliard kub metr tebigy gazy gaýtadan işlemäge hem-de şonuň hasabyna ýokary dykyzlykdaky polietileniň 386 müň tonnasyny, polipropileniň 81 müň tonnasyny öndürmäge mümkinçilik berýär.

Bu taslama şu ýylyň aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň ýokary derejede geçirilen duşuşygynyň çäklerinde aýratyn üns berildi. Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna, şol sanda energetika ulgamynda hem hyzmatdaşlyk etmek hakynda resminamalara gol çekildi.

«NaPeСo» milli nebitgaz kompaniýasy bilen «LG International» kompaniýasynyň arasynda Gyýanly toplumyndaky gazhimiýa önümlerini dünýä bazarlaryna, şol sanda Aziýanyň bazarlaryna ýerlemek üçin bilelikdäki kärhanany döretmek hakynda ylalaşyk gazanyldy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi we Koreýanyň Senagat tehnologiýalar instituty dokma sintetik süýümleriň, şol sanda Gyýanlydaky zawodda öndürilýän polimerden bolan şeýle süýümleriň önümçiligini ýola goýmak mümkinçiligini öwrener. Şeýlelik bilen, gaz pudagynda çig maly gazyp almakdan we gaýtadan işlemekden başlap, ýokary goşulan bahasy bolan önümleri öndürmäge we olary ýerlemäge çenli doly ulgam dörediler.

Häzirki wagtda Ahal welaýatynda sintetiki benzin öndürmek boýunça zawod ulanmaga bermäge taýýarlanylýar. Iň täze enjamlar bilen enjamlaşdyrylan kärhana her ýylda 1 milliard 782 million kub metr tebigy gazy gaýtadan işlär hem-de Euro-5 ölçeglerine kybap gelýän A-92 görnüşli benziniň 600 müň tonnasyny, şeýle hem dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gaz çykarar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanan ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, nebitgaz senagatyny diwersifikasiýalaşdyrmak dowam etdiriler. Durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän taslamalaryň arasynda sintetiki benzin, kauçuk we polistirol, metildietanolamin, poliwinilasetat we beýleki polimerleri öndürjek täze gazhimiýa toplumlarynyň gurluşyklary bar.

Milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň ýokary depginleri, senagat ulgamyny ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilikleri döretmek we ýurdumyzyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça giň gerimli maksatnamalar daşary ýurtlaryň işewür toparlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar diýip, bu ýere ýygnananlar nygtadylar.

Kongresiň birinji iş gününde «Shell Global Solution International B.V», «Hyundai Engineering», «Haldor Topsoe», «Exxon Mobil Corporation» we beýlekiler ýaly dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň birnäçesiniň wekilleriniň hem çykyş edendigini bellemek gerek.

Foruma gatnaşyjylara Gyýanlydaky polimer zawodyna, «Petronas Сarigali (Türkmenistan)» kompaniýasynyň önümçilik desgalaryna hem-de Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portuna baryp görmäge mümkinçilik döredildi.

Ertir X Halkara gaz kongresi öz işini dowam eder. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçiriler.