img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
TÄJIGISTAN RESPUBLIKASY - DUŞENBE
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
9 Apr

Seulda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy aprelinde Seul şäherinde Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, koreý tarapyna bolsa Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary hanym Yý-He Sesiliýa Çang ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar çalt depginler bilen ösýän döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp geçdil...

DOWAMY
pic
8 Apr

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 8-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Beata Peksanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Ýewropa Bileleşiginiň Aşgabatdaky wekilhanasy bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeliligini nygtadylar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalar geçirildi, şol sanda häzirki gün tertibinde duran birnäçe bileli...

DOWAMY
pic
8 Apr

Seulda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň DIM-leriniň arasynda konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi

2026-njy ýylyň 8-nji aprelinde Seul şäherinde Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, koreý tarapyna bolsa Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň köpçülikleýin diplomatiýa boýunça orunbasary Lim Sang-Wu ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň gün tertibine laýyklykda, konsullyk ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň...

DOWAMY
pic
8 Apr

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

2026-njy ýylyň 7-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyny doglan güni bilen öz adyndan hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, bagtyý...

DOWAMY
pic
7 Apr

Заместитель министра иностранных дел Туркменистана встретился с Комиссаром Иммиграционной службы Республики Корея

7 апреля 2026 года состоялась встреча делегации Туркменистана во главе с заместителем министра иностранных дел А.Гурбановым с Комиссаром Иммиграционной службы Республики Корея господином Ча Ён Хо. В ходе переговоров, прошедших в конструктивной и деловой атмосфере, стороны обсудили текущее состояние и перспективы сотрудничества между двумя странами в сфере миграции и консульских вопросов. В рамках встречи туркменская сторона выдвинула ряд предложений, направленных на обеспечение благоприятных...

DOWAMY
pic
7 Apr

Заместитель министра иностранных дел Туркменистана встретился с туркменскими студентами, обучающимися в Республике Корея

7 апреля 2026 года в рамках рабочего визита в Республику Корея состоялась встреча заместителя министра иностранных дел Туркменистана А.Гурбанова с туркменскими студентами, обучающимися в высших учебных заведениях Республики Корея. Мероприятие было направлено на ознакомление с условиями их жизни и учебы, а также информированию о проводимых в Туркменистане масштабных преобразованиях. В ходе встречи участникам встрчи представили подробную информацию о ключевых политических событиях, происходящих...

DOWAMY
pic
6 Apr

Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşyk barada

2026-njy ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, şeýle hem medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şu ýylyň mart aýynda Aşgabat şäherinde Yrak Respublika...

DOWAMY