ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK

Şu gün, 29-njy sentýabrda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Diego Ruis Alonso bilen duşuşygy geçirildi, onuň barşynda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçiliklerine seredilip geçildi.

Ýokary we dürli derejelerdäki özaragatnaşyklaryň Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenilip geçildi. Şu nukdaýnazardan, Ýewropa Komissiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Hökümetiniň wekilçilikli wekiliýetleriň özara saparlarynyň guralmagynyň mümkinçiliklerine garaldy.

Söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyna garamak üçin zerur şertleri döretmek maksady bilen, taraplar şu ýylyň ahyrynda “Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi” Bilelikdäki komitetiň nobatdaky mejlisiniň Aşgabatda geçirilmegi babatynda ylalaşdylar.

Şol bir wagtyň özünde, adam hukuklary boýunça türkmen-ýewropa dialogynyň çäklerinde nobatdaky ikitaraplaýyn duşuşyk geçiriler, onuň dowamynda ynsanperwer häsiýetli derwaýys meselelere seredilip geçiler.