TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE EÝRANYŇ GOLESTAN WELAÝATYNYŇ HÄKIMINIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK

2022-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Eýran Yslam Respublikasynyň Golestan welaýatynyň häkiminiň orunbasary Seýed Mohammad Dahnawy bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryny özara deň hukuklyk, birek-birege hormat goýmak we hoşniýetlilik goňşyçylyk hyzmatdaşlygy esasynda işjeň ösdürilýändigini bellediler.

Iki ýurduň serhetýaka welaýatlarynyň – Balkan welaýatynyň we Golestan welaýatynyň arasyndaky gatnaşyklaryny ilerletmek meselesi boýunça maslahatlaşyldy. Bu ugurda iki döwletiň degişli welaýatlarynyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyna, şol sanda, oba hojalyk, gurluşyk, senagat we ş.m. ugurlarda özara wekiliýetleriň saparlary gurnamak meselesine seredildi.

Bulardan başga-da, ulag-logistika ulgamynda, hususan-da, iki döwletiň Hazardaky deňiz portlarynyň arasyndaky ýuk akymlarynyň mümkinçiliklerini artdyrmak meselesine hem üns berildi.

Şeýle hem, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk meselesi hem ara alyp maslahatlaşyldy. Bu ugurda taraplar türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň mynasybetli bilelikdäki birnäçe medeni çäreleri geçirmegiň ähmiýetini bellediler.