YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA BILELIKDÄKI TÜRKMEN-TÄJIK HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ 11-NJI MEJLISI AŞGABATDA GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 9-10-njy noýabrynda Aşgabatda söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki Türkmen-Täjik hökümetara toparynyň 11-nji mejlisi geçirildi.

Toparyň türkmen bölegine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow, Täjigistan bölegine Täjigistanyň Energetika we suw serişdeleri ministri Daler Juma ýolbaşçylyk etdiler.

Taraplar 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistana we Täjigistanyň baştutanynyň 2021-nji ýylyň awgust we noýabr aýlarynda Türkmenistana eden saparlary bilen güýçli itergi berlen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň progressiw ösüşini bellediler.

Duşuşyga gatnaşyjylar 2021-nji ýylyň iýul aýynda Duşenbe şäherinde geçirilen Toparyň onunjy mejlisiniň kararlarynyň ýerine ýetirilişi barada taraplardan maglumat diňlediler.

Häzirki mejlisde taraplar söwda-ykdysady we ylmy-tehniki ugurlardaky hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirmek isleýändiklerini tassykladylar we özara gyzyklanýan ugurlar boýunça dürli täze ylalaşyklara ýetdiler.

Bu nukdaýnazardan iki ýurduň arasyndaky söwdany ýokarlandyrmak üçin “Ýol kartasyny” durmuşa geçirmek boýunça işleri güýçlendirmek zerurlygy aýdyldy. Mundan başga-da, energiýa, senagat, oba hojalygy we suw sewrişdeleri, şeýle hem ulag pudagyndaky hyzmatdaşlygyň esasy taraplary göz öňünde tutuldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösüşi barada pikir alyşdylar. Taraplar medeniýet we ylym pudagynda bilelikdäki çäreleri geçirmegiň möhümdigini bellediler.

Gepleşikleriň netijesinde taraplar Toparyň 11-nji mejlisiniň teswirnamasyna gol çekdiler. Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki Türkmen-Täjik hökümetara toparynyň 12-nji ýygnagy 2023-nji ýylda Duşenbe şäherinde geçiriler.