TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ WE AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ DUŞUŞYGY

14-nji dekabrda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň birinji üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliýew bilen duşuşdy.

Taraplar türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň geljek ugurlarynyň ara alyp maslahatlaşmagynyň barşynda dürli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady, energetika, ulag-kommunikasiýa we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňledirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk baradaky gürrüňi dowam edip, Ykdysady hyzmatdaşyk boýunça bilelikdäki türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň işiniň ähmiýetini bellediler, toparyň nobatdaky mejlisi 2022-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Baku şäherinde geçirildi.

2021-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Hökümetleriniň arasynda Hazar deňzindäki «Dostluk» uglewodorod ýatagynda bilelikde gözleg, işläp taýýarlamak hem-de özleşdirmek işlerini geçirmekde özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegini türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň gazanan üstünlikleriniň hatarynda görkezildi.

Söhbetdeşler ynsanperwer, medeniýet, ylym-bilim, saglygy goraýyş we syýahatçylyk ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmeklige aýratyn ähmiýet berdiler.