DAŞARY ÝURTLARYŇ TÄZE BELLENEN ILÇILERINIŇ YNANÇ HATLARY KABUL EDILDI

2023-nji ýylyň 14-16-njy fewraly aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G. Mämmedowa daşary ýurt döwletleriniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçileri – Çehiýa Respublikasynyň Ilçisi Waslaw Ýilegi, Kuba Respublikasynyň Ilçisi Karlos Enrike Waldesi, Awstraliýanyň Ilçisi Greým Mihan Leslini, Şwesiýa Patyşalygynyň Ilçisi Tomas Danestady, Mongoliýanyň Ilçisi Dorž Baýarhuuny we Niderlandlar Patyşalygynyň Ilçisi Andre Karstensiň ynanç hatlaryny kabul etdi.

Milli parlamentimiziň ýolbaşçysy her bir daşary ýurtly diplomaty döwlet Baştutanymyzyň adyndan bu jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we ikitaraplaýyn hem köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösüp gelýän dostlukly we döwletara gatnaşyklarynyň  pugtalandyrylmagy işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Daşary ýurtlaryň doly ygtyýarly wekilleri öz gezeginde ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de ähli türkmen halkyna mähirli salamlaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdiler.

Duşuşygyň barşyndaky gepleşikleriň dowamynda doly ygtyýarly wekiller döwlet Baştutanymyzyň giň halkara hyzmatdaşlygyny emele getirmekde esasy ugur bolup durýan, ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine alyp barýan içerki we daşarky syýasaty bilen tanyşdyryldy.

Şeýle hem diplomatlar, Mejlisiň işi we düzümi hem-de Kanunçykaryjy ulgamynda geçirilýän düýpli özgertmeler bilen tanyşdylar.

Diplomatlar ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşdäki şeýle hem parlamentara gatnaşyklaryň, iri halkara guramalarynyň hem-de düzümleriniň  arasyndaky hyzmatdaşygyň ösüşine ýokary baha berdiler. 

imgimg

img