TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARYNY KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 17-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň Orunbasary Alekseý Owerçugy kabul etdi.

Myhman ikiçäk duşuşykda hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hem-de RF-niň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle-de Russiýanyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz, öz gezeginde, Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, RF-niň Hökümetiniň Başlygynyň ýakynda ýurdumyza amala aşyran resmi saparynyň dowamynda geçirilen gepleşikleriň netijeliligini kanagatlanma bilen belledi. 

Duşuşygyň dowamynda strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan we ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy. Şunda ozal gazanylan we dürli ulgamlardaky netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine täze itergi bermäge gönükdirilen ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde yzygiderli ösdürilýän türkmen-rus syýasy dialogynyň netijeli häsiýeti bellenildi. 

Söwda-ykdysady ulgam türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolup çykyş edýär. Köp ýyllardan bäri Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biridir. Özara haryt dolanyşygy oňyn depginini saklap gelýär. Hökümetara topar hem netijeli işleri alyp barýar, onuň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň tutuş toplumy boýunça tagallalar utgaşdyrylýar. Nebitgaz, ulag, senagat ulgamlarynda we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär

Ynsanperwer ulgam hem döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz we möhüm bölegidir. Şunda bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş, sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça däp bolan gatnaşyklar aýratyn orny eýeleýär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň Orunbasary Alekseý Owerçuk umumy bähbitlere laýyk gelýän, uzak möhletleýin esasda ýola goýulýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

img