TÜRKMENISTANDA DOMINIKAN RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY

2023-nji ýylyň 21-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Dominikan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elwis Antonio Alam Loradan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ynanyşmak hem-de özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna gönükdirilen jogapkärli wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.

Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, öz nobatynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Dominikan Respublikasynyň Prezidenti Luis Abinaderiň mähirli salamyny hem-de ykdysady ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Ilçi biziň ýurdumyza uly halkara abraý getiren, ählumumy hormaty üpjün eden Bitarap Türkmenistanyň daşary we içeri syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy nyşanyna öwrülen düýpli özgertmeleriň barşy barada oňa habar berildi.

Diplomat milli parlamentiň düzümi we alyp barýan işleri, kanun çykaryjylyk ulgamynda geçirilýän düýpli özgertmeler bilen tanyşdyryldy. Diplomat milli parlamentiň düzümi we alyp barýan işleri, kanun çykaryjylyk ulgamynda geçirilýän düýpli özgertmeler bilen tanyşdyryldy.

Duşuşygyň ahyrynda Dominikan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi iki ýurduň milli bähbitleri hem-de olaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmäge meýilleri hasaba alnyp guralýan köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.