TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ BAHREÝN PATYŞALYGYNA RESMI SAPARY

2023-nji ýylyň 21-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Bahreýn Patyşalygyna ugrady.

Iki ýarym sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Muharrak şäheriniň Halkara howa menziline gondy. 

Uçaryň ýanynda döwlet Baştutanymyzy Bahreýn Patyşalygynyň Premýer-ministriniň orunbasary Şeýh Halid bin Abdulla Al Halifa hem-de beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar.

22-nji fewralda ýokary derejedäki gepleşikleriň öňüsyrasynda döwlet Baştutanymyz Bahreýniň Ykdysady ösüş geňeşine baryp gördi. Irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow geňeşiň baş dolandyryş binasyna tarap ugrady. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Bahreýn Patyşalygynyň Premýer-ministriniň orunbasary Şeýh Halid bin Abdulla Al Halifa we bu düzümiň ýolbaşçylary mähirli garşyladylar.

Bu ýerde belent mertebeli myhman üçin Bahreýniň Ykdysady ösüş geňeşi we onuň işiniň aýratynlyklary barada maglumat berýän tanyşdyrylyş çäresi guraldy. Tanyşdyrylyş çäresiniň dowamynda geňeşiň ýolbaşçysy onuň işiniň esasy ugurlary barada jikme-jik maglumat berdi.

Günüň birinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Bahreýniň Patyşasynyň “Al Gudaýbiýýa” köşgüne ugrady. Bu ýerdäki meýdançada belent mertebeli myhmany resmi taýdan garşylamak dabarasy geçirildi.

Soňra “Al Gudaýbiýýa” köşgünde ýokary derejedäki ikiçäk gepleşikler geçirildi. Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň Bahreýn üçin doganlyk, dostlukly ýurtdugyny nygtady we ýola goýlan döwletara gatnaşyklara ýokary baha berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Patyşa Hamad bin Isa Al Halifa Bahreýn Patyşalygyna resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy hem-de mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň doganlyk Bahreýn Patyşalygy bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly üns berýändigini belledi. 

Şular barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz Patyşa Hamad bin Isa Al Halifa, Mirasdüşer Şazada, Premýer-ministr Salman bin Hamad Al Halifa hem-de Bahreýniň halkyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Özara düşünişmek we işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda türkmen-bahreýn hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplaryň ähli ugurlar boýunça gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigi bellenildi. Iki döwletiň Baştutanlary söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna ünsi çekip, Türkmenistanyň we Bahreýniň halklarynyň ýakynlaşmagynyň, olaryň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmagyň aýrylmaz şerti hökmünde medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň wajypdygyny nygtadylar.

Duşuşygyň barşynda taraplar halkara we sebit gün tertibiniň, özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleriň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti we Bahreýniň Patyşasy birek-birege ýadygärlik sowgatlary gowşurdylar.

Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde, iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda dowam etdi.

Duşuşygyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Onuň dowamynda resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.

Hormatly Prezidentimiziň Bahreýn Patyşalygyna saparynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Maglumat kabul edildi.

Gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, Patyşa Hamad bin Isa Al Halifa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýüzlenip, bu saparyň döwlet Baştutanymyzyň Bahreýne ilkinji saparydygyny belledi we iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge goşan uly şahsy goşandy, sebit we halkara derejede parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam edýän döredijilikli syýasaty durmuşa geçirýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Bahreýn Patyşalygynyň ýokary sylagyna — Şeýh Isa bin Salman Al Halifa adyndaky birinji derejeli ordenine mynasyp bolandygyny habar berdi.

Bahreýniň Patyşasy döwlet Baştutanymyza dabaraly ýagdaýda, ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda bu hormatly sylagy gowşurdy we jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz Patyşa Hamad bin Isa Al Halifa bildirilen hormat-sarpa — Şeýh Isa bin Salman Al Halifa adyndaky birinji derejeli orden bilen sylaglanandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu ýokary sylaga Türkmenistana we onuň halkyna çuňňur hormatyň, ýurtlarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mizemezdiginiň nyşany hökmünde garaýandygyny nygtady.

Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bahreýniň Patyşasynyň “Safiriýýa” köşgüne ugrady. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa mähirli garşylady.

“Safiriýýa” köşgünde geçirilen söhbetdeşligiň barşynda iki döwletiň Baştutanlary şu gün geçirilen gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe bolandygyny hem-de olaryň anyk maksatlara ýetmäge gönükdirilendigini kanagatlanma bilen belläp, taraplaryň türkmen-bahreýn gatnaşyklaryny häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmaga meýillidiklerini tassykladylar.

Türkmenistanda we Bahreýnde köpasyrlyk däplere eýe bolan atçylygy ösdürmek meselesi hem gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Biziň ýurdumyzda bolşy ýaly, arap dünýäsiniň döwletlerinde-de gadymy döwürlerden bäri atçylyk bilen meşgullanylýandygy hemmelere mälimdir. Türkmenistanda bolşy ýaly, Bahreýnde-de bu däp bolan pudagy we atly sporty ösdürmäge uly üns berilýär. 

Soňra Patyşa Hamad bin Isa Al Halifa hormatly Prezidentimizi köşgüň çäginde ýerleşen atçylyk sport meýdançasyna çagyrýar. Bu ýerde belent mertebeli myhman üçin bedewleriň görkezilişi guraldy.

Döwlet Baştutanymyz Bahreýniň Patyşasy bilen bilelikde arassa ganly arap bedewleriniň, şeýle-de beýleki tohum atlaryň görkeziliş sergisine syn etdi. Olaryň arasynda meşhur ahalteke bedewleriniň bardygy hem bellärliklidir.

Döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işindäki hyzmatlarynyň hem-de gadymdan gelýän atçylyk däplerini ösdürmäge goşan goşandynyň ykrarnamasynyň nyşany hökmünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ajaýyp arap tohum atlarynyň ikisi  sowgat berildi.

Döwlet Baştutanymyz Bahreýniň Patyşasyna minnetdarlyk bildirip, bu ulgamda hünärmenleriň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Munuň özi döwletara gatnaşyklaryň many-mazmun taýdan baýlaşdyrylmagyna ýardam eder.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa mähirli hoşlaşyp, türkmen-bahreýn gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler we iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Şol gün döwlet Baştutanymyz Bahreýniň Milli muzeýine baryp gördi. Muzeýiň merkezi girelgesiniň öňünde belent mertebeli myhmany Bahreýniň Medeniýet we taryhy gymmatlyklar edarasynyň başlygy Şeýh Halifa bin Ahmed bin Abdulla Al Halifa we muzeýiň ýolbaşçylary garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi saparyň maksatnamasyny tamamlap, Bahreýniň Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady.

img

img

img