TÜRKMEN-BRITAN “GURLUŞLAÝYN DIALOGY”ÖZ IŞINI TAMAMLADY

2023-nji ýylyň 23-nji fewralynda türkmen-britan “Gurluşlaýyn dialogynyň” ikinji bölümi degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň wekilleriniň gatnaşmagynda işini dowam etdirdi.

Maslahatlaşmalaryň dowamynda ekologiýa we daşky gurşawy goramak babatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has hem giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň daşky gurşaw howpsuzlygy meselelerine aýratyn üns berýändigi, hususan-da, howanyň täsirini azaltmak üçin oba hojalygy, tokaý hojalygy we ýer gorlary babatynda ýörite uýgunlaşma çärelerini durmuşa geçirmegiň üstünde işleýändigi bellendi. Taraplar howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin bar bolan global mehanizmleriň çäginde halkara hyzmatdaşlygyny dowam etdirmegiň möhümdigini aýtdylar.

Söhbetdeşlikde taraplar howpsuzlyk we beýleki gyzyklanma bildirilýän ugurlardaky hyzmatdaşlyk meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

img