TÜRKMENISTAN WEKILIÝETINIŇ «С5+1» FORMATYNYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGYNA GATNAŞMAGY

2023-nji ýylyň 28-nji fewralynda Astanada Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň «С5+1» formatynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň daşary işler ministrleri we ABŞ-nyň Döwlet sekretary ykdysadyýet, energetika, ulag, ekologiýa we howpsuzlyk ýaly sebit ösüşiniň möhüm ugurlarynda amaly hyzmatdaşlygyň meselelerine garadylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň hökümetiniň, hususan-da USAID-iň howandarlygyndaky söwda, işewürlik, ulag, logistika we energetika gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen sebitleýin taslamalarynyň sanynyň yzygiderli köpelmegini kanagatlanma bilen bellediler. Şeýle hem ABŞ we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwda we maýa goýumlary boýunça Çarçuwaly Ylalaşygyň (TIFA) çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri öz çykyşynda Merkezi Aziýa sebitinde we Hazar basseýninde energetika we ulag hyzmatdaşlygyny güýçlendirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Energetika hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi nukdaýnazaryndan, energiýa üpjünçiligini diwersifikasiýalaşdyrmak, täze sarp ediş bazarlaryna girmek, goşmaça ugurlary döretmek, energetika pudagyna maýa goýumlaryny we tehnologiýalary çekmek, şeýle hem halkara bazarlaryna çykarylýan energiýa çeşmeleribi degişli syýasy we hukuk kepilliklerini üpjün etmek zerurlygy nygtaldy.

Munuň bilen birlikde, sebit ulag hyzmatdaşlygyny giňeltmek nukdaýnazaryndan ulag geçelgeleri üçin häzirki zaman infrastrukturany gurmak we uly mümkinçilige eýe bolan ulag we logistika merkezlerini döretmek zerurlygy bellendi.

Migrasiýa meselesi barada aýdylanda, bu ugurda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Kommissarynyň müdirliginiň we Halkara migrasiýa guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy bellendi. Türkmenistan Merkezi Aziýada raýatlygy bolmadyklaryň ýagdaýy baradaky konwensiýa we raýatsyzlygy azaltmak baradaky konwensiýa goşulan ilkinji ýurtdyr. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň onlarça milletiň we etnik toparyň wekillerine raýatlyk berendigi nygtaldy. Şol bir wagtyň özünde, kabul edilen Milli Maksatnama laýyklykda, Türkmenistanyň 2024-nji ýyla çenli öz çäginde raýatsyzlygy ýok etmegi meýilleşdirýändigi bellenildi. Türkmen tarapy, Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Kommissarynyň müdirliginiň we Halkara migrasiýa guramasy bilen bilelikdäki meýilnamalary işläp düzmek arkaly formatdaky ýurtlaryň hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin sebitleýin hyzmatdaşlygyň birnäçe ugurlaryny teklip etdi.

Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we dünýäde görülýän ählumumy azyk meselelerini ýeňip geçmegiň, çözmegiň ýollaryny tapmak nukdaýnazaryndan türkmen tarapy şu ýyl Türkmenistanda Azyk howpsuzlygy boýunça halkara forumyny geçirmek barada teklip hödürledi.

«С5+1» formatynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri terrorçylyga garşy göreş we sebit döwletleriniň serhetleriniň howpsuzlygyny berkitmek bolup durýar. Halkara guramalarynyň we sebitdäki döwletleriň bilelikdäki tagallalaryny goldamak üçin bu ugurda Merkezi Aziýa bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, şeýle hem BMG-nyň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň Maksatnamalaýyn edarasynyň arasynda serhet meseleleri boýunça syýasy geňeşmeleriň mehanizmini, häzirki zaman okuw usullaryny ulanyp hünärmenleri taýýarlamak teklip edildi. Şol bir wagtyň özünde, türkmen tarapy BMG-nyň Merkezi Aziýada terrorçylyga garşy ählumumy strategiýasyny doly durmuşa geçirmegiň zerurdygyny aýtdy.

Sözüň ahyrynda, Türkmenistanyň «С5+1» formatynyň çäginde özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň işjeň tarapdary bolup galýandygy nygtaldy.

img

img