TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE TÜRKMEN-GRUZIN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün, 2023-nji ýylyň 16-njy martynda, Türkmenistanyň daşary syýasy edarasanyň binasynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Konstantin Sabiaşwili bilen duşuşygy geçirildi.

 Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleri hem-de türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň geljekki ösüşiniň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar iki döwletiň netijeli syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygyny nygtadylar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Prezidenti S.G.Berdimuhamedowyň we Gruziýanyň Premýer-ministri I.T.Garibaşwiliniň geçen ýylyň iýulynda Aşgabada bolan saparynyň dowamynda geçirilen gepleşikleriniň wajyp ähmiýeti bellenildi.

Diplomatlar söwda-ykdysady, ulag we energetika pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy, ylymda, bilimde, medeniýetde we syýahatçylykda gatnaşyklaryň giňeldilmegi babatynda pikir alyşdylar.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň bar bolan gurallarynyň - Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň, iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleriň, şeýle hem Türkmenistanyň we Gruziýanyň parlamentlerinde döredilen Parlamentara dostluk toparynyň möhüm orny barada nygtaldy.