TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY TÜRKIÝÄNIŇ PALATALAR WE BIRŽALAR BIRLEŞIGINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞDY

2023-nji ýylyň 4-nji aprelinde Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak we bu ugurda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen mähirli sözleri we gutlag haty, şeýle-de Türkiýäniň ekologik ähmiýetli başlangyjyny goldandygy üçin Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň hormatly Arkadagymyza çuňňur hoşallygyny ýetirdi.

Bellenilişi ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň wise-başlygy hökmünde Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde geçirilen maslahata Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň maşgalasy Emine Ärdoganyň we ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary M.Bäşimowanyň gatnaşmagy we olaryň maslahatyň dowamyndaky taryhy ähmiýetli çykyşlary doganlyk ýurtlaryň zenanlarynyň dünýä ähmiýetli meselelerde işjeň orny eýeleýändiklerini görkezýär. Türkiýe Respublikasynyň “nol zyňyndy” başlangyjy Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň möhüm şerti hökmünde ykrar edildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine özüniň iň gowy arzuwlaryny aýtdy we iki doganlyk ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýokary derejede geçirilýän gepleşikleriň, gazanylýan ylalaşyklaryň netijesinde ösüşiň hil taýdan täze derejä çykýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Hormatly Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde ekologik mesele dünýä ähmiýetli möhüm wezipeleriň birine öwrüldi. Şunda bilelikdäki tagallalar zerurdyr.

Şunuň bilen birlikde, Halk Maslahatynyň Başlygy Prezident saýlawlarynyň geçiriljekdigini belläp, Rejep Taýyp Ärdogana saýlawlarda üstünlikleri arzuw etdi.

Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy türkiýeli işewürleriň Türkmenistanda netijeli işlemekleri ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin hoşallyk bildirdi.

Türk işewüri iri halkara guramalaryň çäklerinde, ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn esasda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin we häzirki zamanyň köp sanly meseleleriniň oňyn çözülmegine gönükdirilen hem-de BMG-da giň goldawa eýe bolýan Türkmenistanyň başlangyçlarynyň ähmiýetini belledi.

Hormatly Arkadagymyz dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň netijeliligini we ýylsaýyn yzygiderli ösdürilýändigini belledi. Ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparyna hem-de işewürlik geňeşine möhüm orun degişlidir.

Ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy, azyk we dokma senagaty pudaklary, ýokary tehnologiýalar, ekologiýa ýaly möhüm ugurlarda Türkmenistanda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin täze mümkinçilikler açylýar.

Şol bir wagtyň özünde, azyk hem-de derman serişdeleriniň önümçiligi boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň ähmiýeti bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, ekologik meseläniň ýurdumyzyň şähergurluşyk maksatnamasynda möhüm orun eýeleýändigi bellenilip, Arkadag şäheriniň gurluşygyndaky önümçilik kuwwatlyklarynyň häzirki zaman ekologik talaplaryna laýyk derejede dörediljekdigi nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň işewür düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada aýdylyp, ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň mümkinçiliklerini artdyrmak, olaryň halkara giňişlige goşulyşmagyny ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleler içgin öwrenilýär.

Häzirki döwürde suw süýjediji desgalaryň yzygiderli gurulmagy we suwaryşyň öňdebaryjy usullarynyň ulanylmagy bu ugurdaky meseleleriň oňyn çözülmegini üpjün eder. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Arkadagymyz suw geçiriji ulgamlaryň gurluşygy we bu ugra degişli enjamlaryň satyn alynmagy babatda türkiýeli işewürler bilen tejribe alyşmak üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi.

Işewür Türkiýede suw geçiriji ulgamyň täze, häzirki zaman talaplaryna we ýokary ekologik derejä laýyk gelýän turbalaryň önümçiliginiň ýola goýlandygyny belledi we bu önümleriň Türkmenistan üçin niýetlenendigini hem-de olaryň ýurdumyzyň howa şertlerine laýyk gelýändigini nygtady.

Häzirki döwürde ylym-bilim ulgamynda türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň giňeldilýändigini, muňa iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda köpýyllyk özara bähbitli gatnaşyklaryň hem şaýatlyk edýändigini belläp, türk işewüri Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaga höwes bildirýän türkmen ýaşlary üçin has giň mümkinçilikleriň açylýandygyny aýtdy.