TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ BAŞTUTANYNY KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 5-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowy kabul etdi.
Söhbetdeşligiň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň we Tatarystanyň halklaryny taryhyň dowamynda emele gelen köpasyrlyk dostlukly gatnaşyklary, medeniýetiň, diliň, däp-dessurlaryň, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow häzirki döwürde türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň berk binýada esaslanyp, işjeň ösdürilýändigini hem-de özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryny öz içine alýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklar däp bolan hyzmatdaşlyga degişli giň meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga, onuň geljekki ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär.
Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi köpugurly türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde aýratyn orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, eksport-import amallaryny artdyrmagyň, özara iberilýän harytlaryň we hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmegiň zerurdygy nygtaldy. Döwlet Baştutanymyzyň pikirine görä, işewür toparlaryň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak we ösdürmek, bilelikdäki kärhanalary döretmek, olary sergilere, forumlara, ýarmarkalara çekmek boýunça işleri güýçlendirmek wajypdyr.
Şunda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparyna möhüm orun degişlidir. Bu topar degişli düzümleriň işini utgaşdyrýar hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlaryny seljerýär.
Duşuşygyň dowamynda Serdar Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow ikitaraplaýyn ylalaşyklary, dürli pudaklarda kesgitlenen bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Deňhukuklylyk, özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan köpýyllyk hyzmatdaşlygyň täze, möhüm ugurlary kesgitlenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ynsanperwer ulgamda, şol sanda ylym, bilim we medeniýet ugurlary boýunça Tatarystan Respublikasy bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklary belläp, türkmen tarapynyň biziň halklarymyzyň dostlugynyň we ýakynlaşmagynyň köprüsi hökmünde çykyş edýän bu ugurdaky gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.