TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ABŞ-NYŇ IŞEWÜR TOPARYNYŇ WEKILLERINI KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 5-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty, “General Electric Gas Power» kompaniýasynyň Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Afrika sebitlerinde gazturbina enjamlarynyň satuwy boýunça wise-prezidenti Bris Razany, “John Deere” kompaniýasynyň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýolbaşçysy Çaba Leýkony, “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň wise-prezidenti Jon Rizi, “Smartmatic” kompaniýasynyň esaslandyryjysy hem-de Baş ýerine ýetiriji direktory Antonio Mugikany, “Westport Trading Europe Limited” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Nikolaý Ýurçenkony hem-de “UGT Renewables” kompaniýasynyň amallar işi boýunça wise-prezidenti Dýuk Gimi kabul etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilelikdäki işewürlik geňeşiniň ýolbaşçysynyň amerikan telekeçileriniň wekiliýetine baştutanlyk edip gelmegine ýurdumyzda ABŞ-nyň işewür toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýandyklary hökmünde garalýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Aşgabatda bolan mahalynda amerikaly hyzmatdaşlaryň türkmen kärdeşleri bilen duşuşmagy hem-de özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary boýunça pikir alyşmaklary üçin oňat mümkinçiligiň dörejekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň däp bolan dostlukly häsiýete eýedigi nygtaldy. Şol gatnaşyklar deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär. Şunda taraplaryň köpugurly hyzmatdaşlygy, şol sanda söwda, maýa goýum işi, işewür toparlaryň ugry boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmek babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklary tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň ähmiýetli orny aýratyn bellenildi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň möhüm söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şular barada aýtmak bilen, geçen ýyllaryň dowamynda bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen birlikde, özara kuwwatyň has giň gerimde ulanylyp bilinjekdigi äşgärdir.

Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we amerikan işewürler bileleşiginiň wekilleri şu günki duşuşygyň umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli we uzak möhletleýin söwda-ykdysady gatnaşyklary okgunly ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdiler.