TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

2023-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti döwletara hyzmatdaşlyk barada aýdyp, türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň giň gerimli ösdürilýändigini aýratyn nygtady. Ýokary derejedäki duşuşyklar we gatnaşyklar yzygiderli esasda geçirilýär.

2022-nji ýylyň dowamynda ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde hem duşuşyklaryň altysynyň geçirilendigini bellemek bilen, Türkmen döwletiniň Baştutany geçenen ýylyň iýun aýynda Russiýa bolan ilkinji resmi saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy. Şol saparyň barşynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekildi. 

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti, öz gezeginde, gol çekilen Jarnamanyň hem-de bilelikdäki işleriň tutuş toplumynyň ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň bähbidine hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Watançylyk urşunda faşizme garşy gazanylan Ýeňşiň umumy taryhy hakydada aýratyn orun eýeleýändigini nygtady. Türkmenistanda, Russiýada bolşy ýaly, şol ýowuz ýyllarda Ýeňiş gazanmak ugrunda söweş meýdanlarynda ýurdy goranlara hem-de tylda janyny aýaman zähmet çekip, Ýeňşi ýakynlaşdyranlara sarpa goýulýandygy bellenildi.

Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Wladimir Putin Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýakynlaşyp gelýän Ýeňiş güni bilen birek-biregi mähirli gutlap, iki ýurduň halklaryna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny aýtdylar.

Pursatdan peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentini Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere gatnaşmaga çagyrdy.

Öz gezeginde, Türkmenistanyň Prezidenti çakylyk üçin dostlukly döwletiň Liderine minnetdarlyk bildirdi.