TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasyna iki günlük döwlet saparynyň çäginde ikiçäk görnüşde başlanan ýokary derejedäki türkmen-täjik gepleşikleri geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gepleşikleriň dowamynda belleýşi ýaly, Täjigistan Respublikasyna şu gezekki döwlet saparynyň iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllyk ýubileý ýylyna gabat gelmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Şol geçen ýyllaryň dowamynda döwletlerimiz syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda depginli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň binýadyny yzygiderli pugtalandyryp gelýärler. Taraplaryň bilelikdäki tagallasy netijesinde uly üstünlikler gazanyldy. Munuň özi halkara giňişlikdäki hyzmatdaşlykda hem öz beýanyny tapýar. Türkmenistan we Täjigistan halkara gün tertibiniň meselelerinde birek-birege goldaw berýärler.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy, häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, onuň esasy ugurlary kesgitlenildi. Şunda Türkmenistanyň we Täjigistanyň bar bolan uly kuwwaty, iki ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagy we diwersifikasiýalaşdyrmagy maksat edinýändikleri tassyklanyldy.

Şeýle hem taraplar sebit we ählumumy gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde geçirilen gepleşikleriň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy, bar bolan kuwwata laýyklykda, türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmak üçin ugurlar kesgitlenildi.

Soňra iki döwletiň Baştutanlary göni aragatnaşyk arkaly Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň binasynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň 9-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 540 orunlyk okuw edarasynyň binalar toplumyny gurmak hakynda Karara gol çekdi.

Dabara tamamlanandan soňra, “Kasri Millat” köşgünde ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Emomali Rahmon Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekişmekleri döwlet saparyň çäklerindäki möhüm wakalaryň biri boldy. Bu möhüm resminamada iki döwletiň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn derejede köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeň ösdürmäge, halkara guramalaryň çäklerinde netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarlydyklary tassyklanylýar. Nygtalyşy ýaly, türkmen-täjik gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi hem-de çuňlaşdyrylmagy iki ýurduň düýpli bähbitlerine laýyk gelmek bilen, olaryň gülläp ösmegine, sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam eder. Şeýlelikde, Jarnamada Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň döwletara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga, iki doganlyk halkyň abadançylygynyň bähbidine ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga berk ygrarlydygy bellenilýär.

Saparyň dowamynda şeýle hem hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça 20-den gowrak şertnama-hukuk resminamalarynyň giň toplumyna gol çekildi.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Agşam Türkmenistanyň we Täjigistanyň Prezidentleri täjik paýtagtynyň merkezi böleginde ýerleşen «Nowruz» köşgüne bardylar. Ol ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň hormatyna Täjigistanyň Baştutany resmi agşamlyk naharyny berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasyna döwlet sapary dowam edýär.