TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY TAMAMLANDY

img
img
img
img

Eýran Yslam Respublikasyna iş saparynyň ikinji gününde türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň “Mapna Group” senagat toplumyna baryp gördi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri onlarça kompaniýany özünde jemleýän toplumyň işi bilen giňişleýin tanyşdyryldy.

Türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alyşmalardan soňra, energetika desgalarynyň taslamalaryny düzmek we olary gurmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, nebitgaz, demir ýol hem-de beýleki senagat taslamalaryny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek, şol sanda ugurdaş düzümleri, esasy we kömekçi enjamlary — gaz we bug turbinalaryny, elektrik energiýasyny işläp çykarmak üçin utgaşykly enjamlary öndürmek, suw arassalamak, demir ýol otlularynyň düzümi üçin lokomotiwleri we beýlekileri öndürmek işleri barada wideorolik görkezildi.

Mundan başga-da, kompaniýalar topary ulag ulgamlaryny ulanmak hem-de olara tehniki taýdan hyzmat etmek işlerine ýöriteleşdirilendir. Şeýle-de ol bu ulgamlary elektrikleşdirmek işleri bilen meşgullanýar.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu senagat toplumynyň önümleriniň sergisi bilen tanyşdy. Hususan-da, bu ýerde enjamlaryň dürli görnüşleriniň nusgalary, “akylly” öýleriň, demir ýol düzümleriniň, awtomobilleriň we beýlekileriň nusgalary görkezildi.

Sergi bilen tanyşlykdan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri biziň ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny nygtady.

Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýi bilen duşuşdy.

Eýranyň Beýik ruhy lideri döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini we netijeli häsiýetini belledi. Taryhy taýdan emele gelen dost-doganlyk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary onuň ygtybarly binýadyny emele getirýär.

Arkadagymyz türkmen tarapynyň adyndan Eýranyň Beýik ruhy liderine iki döwletiň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyrylmagyna goşýan şahsy goşandy üçin hoşallyk bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda köpýyllyk türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň köpugurly we işjeň häsiýeti nygtaldy. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolan Eýran bilen doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine Türkmenistanda uly ähmiýet berilýär.

Geçen ýyllaryň dowamynda döwletara hyzmatdaşlyk strategik derejä çykaryldy. Biziň ýurtlarymyz dünýä giňişliginde netijeli hyzmatdaşlyk etmek bilen, halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça birek-biregiň oňyn başlangyçlaryny we tekliplerini goldaýarlar.

Söwda-ykdysady ulgam ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Bu ugurda anyk netijelere gönükdirilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin mümkinçilikler bar. Hususan-da, ulag, nebitgaz, energetika pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň giň mümkinçilikleri açylýar.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň iýun aýynda Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň şu gezekki iş saparynyň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklar, gol çekilen resminamalar aýratyn ähmiýete eýedir. Olaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagy dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna ýardam berer.

Şunuň bilen birlikde, däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklara uly ähmiýet berilýändigi nygtaldy. Bu ugurda geçirilýän bilelikdäki çäreler iki halkyň ruhy taýdan baýlaşmagyna, has-da ýakynlaşmagyna ýardam berýär. Türkmenistan bilen Eýran bu netijeli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine, şol sanda bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş, ekologiýa ugurlary boýunça gatnaşyklaryň giňeldilmegine, iki döwletiň sebitleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna taýýardyrlar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Aýatolla Ali Hameneýini özi üçin amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna iş sapary 2023-nji ýylyň 31-nji maýynda tamamlandy.

Umuman, Tähranda geçirilen gepleşikleriň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi. Muňa gol çekilen resminamalar toplumy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Şolaryň hatarynda elektroenergetika, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnamalar, daşary syýasat edaralarynyň, gümrük gulluklarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen Maksatnamalar bar. Dostluk we özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň jemleri Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky kabul edilen Bilelikdäki Jarnamada öz beýanyny tapdy.

Şeýle hem saparyň barşynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalarynyň Tähranda eýran kärdeşleri bilen duşuşyklary we gepleşikleri geçirendiklerini bellemek gerek. Olarda birnäçe pudaklara degişli, geçen ýyl hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň şu gezekki iş saparynyň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ulag, ýangyç-energetika toplumy, elektroenergetika, oba we suw hojalygy, ýol we şäher gurluşygy, maliýe-bank toplumy, gümrük edaralarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.