TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINDE ÝHHG BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI MASLAHATLAŞYLDY

img
img
img
img

2023-nji ýylyň 1-njy iýunynda ýurdumyzyň Mejlisinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Baş sekretary hanym Helga Şmid bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa halkara guramalar, şol sanda ÝHHG bilen köpýyllyk özara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň daşary syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridigini hem-de ÝHHG bilen hyzmatdaşlygyň ýylsaýyn täze ugurlar boýunça giňeldilýändigini belledi.

Söhbetdeşler parlamentara dialogy işjeňleşdirmäge özara gyzyklanma bildirilýändigini nygtadylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda Baş sekretar Bitarap Türkmenistanyň sebitde we onuň çäginden uzakda parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek babatdaky syýasatynyň möhüm ornuny belledi. Şunuň bilen birlikde, energetika we ekologiýa howpsuzlygy, durnukly ulag, suw diplomatiýasy ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilýändigine üns çekildi.

Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasynda soňky wagtda gazanylan ylalaşyklary kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň möhümdigini belläp, söhbetdeşler kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmagyň, ikitaraplaýyn parlamentara duşuşyklary, geňeşmeleri yzygiderli geçirmegiň zerurdygyny nygtadylar.