AHHG-NYŇ 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN HALKARA MASLAHAT BARADA

2023-nji ýylyň 5-7-nji iýuny aralygynda Duşenbe şäherinde AHHG-nyň 30 ýyllygy mynasybetli "Merkezi Aziýa: güýçli sebit instituty arkaly durnukly geljege tarap" atly halkara maslahaty geçirilýär.

Bu sebitleýin gurluşynyň şanly senesine bagyşlanan maslahata Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary A.Ýazmyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşýar.

Maslahata, şeýle hem, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary derejeli wekiliýetleri, abraýly halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, halkara hyzmatdaşlar, hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşýar.

Maslahatyň açylyş dabarasynda Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda, AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretarynyň orunbasary, Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti üçin Ykdysady we Durmuş Komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsia Alisjabana, Bütindünýä Bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Wise-prezidenti Antonella Bassani, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakala çykyş etdiler.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, häzirki maslahat 30 ýylda gazanylan üstünlikleri beýan etmäge, hyzmatdaşlygyň häzirki ugurlary barada düşünje bermäge we Aral deňziniň geljegi üçin maksatnama düzmäge gönükdirilendir. AHHG-nyň Merkezi Aziýada suw we daşky gurşaw hyzmatdaşlygy üçin özboluşly platforma hökmünde aýratyn orny bellendi.

AHHG-nyň 30 ýyllygyny bellemek we oňa taýýarlanmak üçin Hereketler meýilnamasyna laýyklykda, AHHG-nyň zähmet weteranlaryny, Gaznanyň Geňeşiniň, Ýerine ýetiriji komitetiň, Merkezi Aziýanyň Hökümetara utgaşdyryjy suw hojalyk komissiýasynyň (HUSK) we Durnukly ösüş boýunça Hökümetara komissiýasynyň (DÖHK), gurluş bölümleriniň, şahamçalarynyň köp ýyllap AHHG-nyň işiniň ösmegine ep-esli goşant goşan işgärlerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Maslahatyň çäklerinde şeýle hem, Aral deňzinde hyzmatdaşlygyň möhüm taraplary boýunça dialoglar, parallel we ýörite çäreler guraldy.

Bu maslahat, 500-e golaý gatnaşyjylary, şol sanda AHHG-ny esaslandyryjy-döwletleriň we beýleki sebitleriň döwlet edaralaryna, halkara guramalaryna, maliýe institutlaryna, ylmy toparlaryna, raýat jemgyýetine we beýleki gyzyklanýan taraplara wekilçilik edýän ýokary wezipeli döwlet işgärlerini, syýasatçylary, bilermenleri we beýleki alymlary bir ýere jemledi.