TÜRKMENISTAN BILEN YSRAÝYLYŇ DAŞARY SYÝASY EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ ARASYNDA GEÇIRILEN TELEFON GEPLEŞIKLER BARADA
Şu gün, 2023-nji ýylyň 20-nji iýunynda, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ysraýyl Döwletiniň daşary işler ministri Eli Koen bilen telefon söhbetdeşligi geçirildi. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birnäçe meselelerine seredildi.
Hususan-da, taraplar iki ýurduň işewürler birleşikleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak arkaly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikir alyşdylar.
Türkmen tarapy köptaraplaýyn meýdançalarda, ilkinji nobatda, BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklaryň işjeň ýagdaýda alnyp barylýandygyny belledi.
Telefon söhbetdeşligi Ysraýyl tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.