DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA TÜRKMEN-ITALÝAN GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Italiýanyň Daşary işler ministrliginiň Syýasy meseleler boýunça Baş departamentiniň Merkezi Aziýa boýunça utgaşdyryjysy, Ilçi Janluka Grandiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn gün tertibindäki meseleler, şeýle hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarynda türkmen-italýan gatnaşyklarynyň ösüşiniň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Diplomatlar abraýly halkara guramalaryň, hususan-da, BMG-niň we ÝB-niň çäklerinde Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy bellediler.

Döwletara gatnaşyklarynda parlamentara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nukdaýnazaryndan W.Hajiýew şu ýyl Türkmenistan-Italiýa parlament dostluk toparynyň täze düzüminiň döredilendigini bellemek bilen, bu ugurda özara gatnaşyklary güýçlendirmekligi teklip etdi.

Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri, iki ýurduň telekeçileriniň arasynda duşuşyklary we forumlary geçirmegiň möhümdigini bellediler.

Medeniýet, arheologiýa, bilim we italýan dilini öwrenmek babatynda netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigi barada hem nygtaldy.