«YSLAM ÖSÜŞ BANKY WE DOKTOR AHMAD MOHAMMAD ALI. INSTITUTYŇ TARYHY WE ONUŇ PREZIDENTINIŇ ÝOLY» ATLY KITABYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
Şu gün, 2023-nji ýylyň 6-njy iýulynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Yslam Ösüş bankynyň ilkinji prezidenti Ahmad Mohamed Ali Al-Madani tarapyndan sowgat berlen “Yslam Ösüş Banky we Doktor Ahmad Mohammad Ali. Institutyň taryhy we onuň Prezidentiniň ýoly” atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Tanyşdyrylyş dabara Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, Türkmenistanyň döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, şeýle hem ýurdumyzda işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik missiýalarynyň, halkara we sebit guramalaryň, şol sanda, bank-maliýe düzümleriň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de işgärleri gatnaşdy.
Çykyşlarda Yslam ösüş bankynyň döredilmeginiň taryhyna, onuň şu gününe we alyp barýan işine aýratyn üns çekildi, bu maliýe edaranyň agza ýurtlar, şol sanda, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň ösüşi barada giňişleýin maglumat berildi. Türkmenistan bilen Yslam Ösüş bankynyň köpýyllyk we netijeli gatnaşyklaryny nygtamak bilen, söwda-ykdysady häsiýetli giň gerimli hyzmatdaşlygy amala aşyrmak nukdaýnazaryndan, ilki bilen, ählumumy ähmiýete eýe bolan taslamalary durmuşa geçirmeklige gönükdirilen maýa goýum syýasat ulgamyna uly orun degişlidigi bellendi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň çykyşynda belleýşi ýaly, 1994-nji ýyldan bäri Yslam Ösüş Banky bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň dowamynda Türkmenistanda Bank tarapyndan 26 taslama maliýeleşdirildi. Bu taslamalar Türkmenistanyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üçin möhüm ähmiýete eýe bolup, lukmançylyk we saglygy goraýyş, suw hojalygy, demir we deňiz ýollary, telekommunikasiýa, tebigy gazy ibermek infrastrukturasy ýaly pudaklara degişlidir. Ol strategik hyzmatdaşlyga öwrülen şeýle üstünlikli özara bähbitli gatnaşyklaryň gözbaşynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň durandygyny nygtady.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň bu gün Türkmenistanyň abraýly halkara maliýe we söwda guramalary bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmek we çuňlaşdyrmak, ýurdumyzy dünýä maliýe jemgyýetçiliginiň doly hukukly agzasy hökmünde kabul etdirmek ugrundaky syýasaty dowam edýändigi bellenildi.
“Yslam Ösüş Banky we Doktor Ahmad Mohammad Ali. Institutyň taryhy we onuň Prezidentiniň ýoly” atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Yslam ösüş bankynyň bilelikdäki taslamalaryna we hyzmatdaşlygyna bagyşlanan sergi bilen tanyşdyryldy.