TÜRKMENISTANYŇ TÄJIGISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

img
img
img
img

2023-nji ýylyň 3-nji awgustynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Goçmyradow Täjigistanyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddine ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Täjigistanyň Daşary işler ministri ilçini wezipä bellenmegi mynasybetli gutlamak bilen, oňa ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmek boýunça alyp barjak işinde täjik tarapynyň goldaw bermäge taýýardygyny beýan etdi. 

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Täjigistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Iki ýurduň arasyndaky strategik häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça has hem işjeňleşendigi bellenildi. 

Taraplaryň nygtamagyna görä, iki döwletiň ýolbaşçylarynyň arasynda birek-birege ynanyşmak esasynda alnyp barylýan oňyn dialog türkmen-täjik gatnaşyklarynyň tapawutly aýratynlygy bolup durýar.

Ilçi, öz gezeginde, Türkmenistanyň we Täjigistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy ugrunda tagalla etjekdigine ynandyrdy.