TÜRKMENISTAN BILEN ÝAPONIÝANYŇ YLYM-BILIM HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

img
img
img
img

Şu gün, 2023-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Aşgabada iş sapary bilen gelen Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Nagata Kýosuke bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň gerimi boýunça pikir alyşdylar.

W.Hajiýewiň belleýşi ýaly, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň özara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biri hem medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk bolup durýar. Şu nukdaýnazardan ugur alyp ylym , bilim, ýapon dilini öwrenmek ulgamlarynda işjeň hyzmatdaşlyk bellenilip geçildi.

Taraplar Sukuba uniwersiteti bilen D.Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä diller instituty hem-de Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeň ösüşi barada hem belläp geçdiler.

Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda alyş-çalyş bilim maksatnamalarynyň çäginde özara gatnaşyklary hasam giňeltmegiň geljegi nygtaldy.